MAKALA

Sarahs baba

«Biz ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň has çuň öwrenilmegine, goralyp saklanylmagyna we dünýä ölçeglerine laýyk derejede rejelenmegine hem-de bütin dünýäde mynasyp wagyz edilmegine aýratyn üns berýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy we şöhratly taryhyna uly sarpa goýýar. Binagärligiň ajaýyp nusgalarynyň ençemesi Ahal welaýatynda hem saklanyp galypdyr. Olaryň biri hem welaýatymyzyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän Abul-Fazl Sarahsynyň kümmetidir.

Gündogaryň meşhur alymlarynyň biri, türkmen halkynyň asyrlar boýy hatyralaýan piri, sopuçylyk taglymatynyň beýik wekili Abul-Fazl Muhammet ibn Hasan Sarahsy dünýä medeniýetine uly goşant goşan beýik alymdyr. Ol türkmen halkynyň arasynda Sarahs baba ady bilen tanalypdyr.

Sarahs babany hormatly Prezidentimiz özüniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda birnäçe gezek ýatlaýar. Sarahs baba hormatly Prezidentimiziň: «Diýarymyzda doga-dilegleriň jadyly güýji, pirleriň hem ýagşyzadalaryň keramaty hakyndaky söhbetleri janlandyrýan ýadygärlikleriň onlarçasy bardyr. ...Rowaýatlardaky keramatly kişiler, hususan-da, sufizm bilen ykjam baglanyşykly Hoja Ýusup Hemedany, Sarahs baba, Mäne baba, Nejmeddin Kubra, Magtymguly Pyragy ýaly belli şahsyýetler bilen baglydyr. Olaryň ykbaly ýöne bir rowaýatlarda däl-de, pähime baý söhbetleriň, tymsal häsiýetli taryhy gürrüňleriň esasynda dörän kitaplarda beýan edilýär» diýen setirlerinde hormat bilen hatyralaýan piridir. Yslam dünýäsinde çuňňur yz galdyran dünýä belli alymyň ynsanyýete ahlak kämilligini ündän pendi-nesihatlary asyrlaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Abul-Fazl Hasany — Sarahs baba entek öz ýaşap ýören döwründe meşhurlyga ýeten şahsyýetleriň biridir. Onuň kämil ynsanlyk keşbi, ylym-bilim babatynda ýeten derejesi hakyndaky maglumatlar orta asyrlar edebiýatynda orun alypdyr. Ýöne diňe bir türkmen halkynyň taryhynda däl, eýsem dünýä taryhynda ady häli-şindi agzalyp durlandygyna garamazdan, Sarahs babanyň ömri, maşgalasy we onuň edebi mirasy babatdaky anyk maglumatlar bize entek doly elýeterli däl. Şeýle-de bolsa, onuň ýaşan döwrüne degişli edebiýatlardan, ýagny Ferideddin Attaryň «Tezkiret ul-öwliýä», Muhammet Münewweriň «Mäne babanyň keramatlaryndan we halatlaryndan» atly kitaplary esasanda Sarahs babanyň döwürdeşleri, halypalary, şägirtleri baradaky maglumatlary öwrenip bilýäris.

Ferideddin Attar «Tezkiret ul-öwliýä» atly kitabynda Abul-Fazl Hasanyň aslynyň türkmen ilindendigini, ýagny onuň sarahslydygyny we şyh Abul Seýit Abul Haýyryň piridigi hakynda belläpdir. Muhammet Münewwer Sarahs babanyň Mäne babanyň halypasy hökmündäki keşbini öwrenmekde ähmiýetli maglumatlary miras galdyrypdyr. Abdyrahman Jamy hem «Nefahatal-üns min hazarat-ul kuds» atly kitabynda «Şeýh Abul-Fazl bin Hasan Sarahsy» atly sözbaşyda Sarahs baba hakyndaky ýatlamalara orun beripdir.

XI asyrda ýaşap geçen Ferideddin Attar Sarahs babanyň juda ylymly adam bolandygyny aýratyn nygtapdyr. Ol «Tezkiret ul-öwliýä» atly kitabynda bu türkmen pirini «Takwalygyň kämil hasyly, diýanatyň emiri, günäsiz eziz, hatasyz hatyra, hubbul-Watan (aslyňa dolanmak) duýgusy bilen zarlaýan Abul-Fazl Hasan Sarahsy» diýip hatyralapdyr. Şeýle hem awtor: «...öz zamanasynyň pirleriniň iň kämili, älem-jahanyň taýsyz gözelligidi, zamananyň ýeke-tägidi, jahanyň mähribanydy. Takwalykda we muhabbetde, manyda we rehimdarlykda belent derejeli bolup, onuň keramatda we parasatda çägi bolmandyr, magryfetde we hakykat ýolunda durmaklykda meşhurdyr. Magryfet we hakykat babatdaky meseleleri eli bilen, dili bilen däl-de, diňe barmagynyň yşaraty bilen çözmegi başaran hakyky pirdi» diýip Sarahs babanyň şahsyýetlik keşbini suratlandyrýan häsiýetli aýratynlyklary birin-birin beýan edipdir.

Sarahs baba ençeme şägirtleri ýetişdiripdir. Mälim bolşy ýaly, Sarahs baba Beýik seljuk türkmenleriniň döwletini esaslandyryjylar Muhammet Togrul beg bilen Dawut Çagry bege soltanlyk patasyny beren, türkmen halkynyň beýik piri Abul Seýit Abul Haýyryň — Mäne babanyň halypasydyr. Mäne baba Sarahs babany «Zamananyň şeýhi» diýip hatyralapdyr. Ol özüniň Lukman Sarahsynyň kömegi bilen Abul-Fazl Sarahsynyň ýanyna barşy, oňa şägirt bolşy hakynda şeýle beýan edipdir: «Lukman Sarahsy... elimden tutup, Sarahsyň hanakasyna getirdi we pir Abul-Fazly çagyryp şeýle diýdi: «Eý, Abul-Fazl, Hak subhan we Tagala bu oglanyň maňlaýyna bir zatlar ýazypdyr, ony saňa tabşyrýan, ýöne oňa gowy seret, çünki seniň bilýän zatlaryň onda ebedilik galar».

Muhammet Münewwer ýokarda ady agzalan kitabynda Mäne babanyň öz halypasy Abul-Fazl Sarahsynyň pikirlerini aýratyn hormatlandygyna öwran-öwran dolanmak bilen, şeýle diýipdir: «...islendik çözmesi müşgil iş bolsa, aýakýalaňaç Sarahsa pir Abul-Fazl Hasanyň ýanyna giderdi we oňa ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly aýdandan soň, meseläni çürt-kesik çözüp gaýdyp gelerdi». Mäne babanyň: «Biz näwagt aljyraňňy ýagdaýa düşsek, Abul-Fazl piriň gubruna zyýarat etsek, rahatlyk taparys, tiz atlary eýerläň!» diýip zyýarata ugrandygy we şol güni: «Bu gün taryhy gün boldy, bu gün gaýdyp gaýtalanmaz» diýendigi hem ýatlanylýar. Abdyrahman Jamy Mäne babanyň Sarahs babanyň gubruna zyýarata gidende, piriň gubrunyň başynda şu setirleri okandygyny mälim edýär:

Şatlyk çeşmesidir bu — sahawat-u kerem käni,

Kyblamyz Ýar ýüzüdir, kyblasy halkyň — Käbe.

Abul-Fazl Hasan Mäne babanyň söhbet piridir. Mäne babanyň öz piri Sarahs baba uly hormat goýandygyny mälim edýän ençeme rowaýat bar. Mäne babanyň şägirtleriniň biri haja gitmek islese, ony Abul-Fazl piriň gubruna zyýarata ýollap: «Ol gubra zyýarat edip, daşyndan ýedi gezek aýlanyp, togap etseň, maksadyň hasyl bolar» diýendigi hakyndaky gürrüňler rowaýatlara öwrülip, türkmen halkynyň hakydasynda ýaşap ýör. Mäne babanyň sopuçylyk äleminiň ilkinji menzillerindäki üstünliklere eýe bolmagynda sarahsly piriň täsiri uly bolupdyr. Rowaýata görä, Mäne babadan: «Bu, ähli döwletiňi nireden aldyň, sende şeýle ýagdaý haçan başlandy?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Abul-Fazl piriň bir bakyşyndan başlady. Biz Abu Aly Fakyhda okaýan döwrümiz suwly ýabyň kenaryndan barýardyk. Pir Abul-Fazl ýabyň beýleki tarapyndan barýarka nazary maňa düşdi. Şu döwletiň hemmesi ondan başlandy. Biz nähili derejä ýeten bolsak, hemmesi şondandyr» diýip jogap beripdir. Bu beýan etme Mäne babanyň ruhy ahwalynyň açylmagyna Sarahs babanyň täsiriniň ýetendiginiň teswiridir. Ýöne Mäne babanyň kämillik derejesine ýetenini Sarahs baba görmek nesip etmändir. Çünki Mäne baba şan-şöhratyň çür depesine çykan wagty piri Abul-Fazl Sarahsy dünýeden gaýdan eken.

Sarahs baba halatly pir, keramatly adam bolupdyr. Onuň keramatly adam bolandygy hakynda birnäçe rowaýat halk hakydasynda orun alypdyr. Olaryň birinde şeýle diýilýär: bir gün Sarahs babadan: «Ýagyn ýaganok, ýagyş ýagar ýaly doga-dileg edip bersene» diýip haýyş edipdirler. Şol gije agyr gar ýagypdyr. Başga bir rowaýata görä, biri Sarahs babanyň ýanyna gelip: «Men seni agşam düýşümde gördüm, dünýeden gaýdypsyň we seni jynaza goýdular» diýipdir. Pir oňa: «Ýuwaş, sen öz düýşüňi görüpsiň. Olar hiç ölmeýärler... Bilip goýuň, Allanyň ýady bilen ýaşaýan hergiz ölmez» diýipdir.

Sarahs baba örän pähim-paýhasly, sahawatly, ynsanperwer adam bolupdyr. Onuň aýdan sözleri, pikir-düşünjeleri il-halky söýen, ösüp gelýän nesliň terbiýesine ähmiýet beren, adamlaryň rahat durmuşyny gazanmagyň öwüt-ündewini bermegiň ruhy lezzeti bilen ýaşan adamyň keşbini suratlandyrýar. Ömrüniň ahyrky pursatlarynda Sarahs baba ony şyhlaryň we belli şahsyýetleriň gubrunyň ýanynda jaýlamakçydyklaryny mälim edipdirler. Ol: «Zynhar! (Saklan!) Men kim, meni beýle kowum bilen ýanaşyk jaýlar ýaly? Meni hol depäniň üstünde jaýlaň, ol ýerde ykmanda bezzatlar ýatyr, olar onuň rehmetine ýakynrak bolarlar, ýagny teşnelere suwdan köpräk ýeter» diýipdir.

Sarahs babanyň pähim-parasata ýugrulan öwüt-ündewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nesil terbiýesinde hem uly ähmiýete eýedir. Çünki hormatly Prezidentimiziň ynsan mertebesini beýgeltmek, ynsanyň ukyp-başarnygynyň çäksizligini subut etmek, adamyň öz aslyna we ukyp-başarnygyna göz ýetirmeginiň gymmatyny teswirlemek babatynda öňe süren pikirleri türkmen halkynyň ägirt danasy, halatly piri, ruhubelentligi, edep-terbiýäni ündän danyşmendi, beýik taryhy şahsy Sarahs babanyň keşbi esasynda döwrüň milli aňyýetini dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiz beýik pir hakyndaky ýatlamalary arkaly türkmen topragynda önüp-ösen, Watan söýgüsiniň waspy bolup döwürlerden-döwürlere, asyrlardan-asyrlara aşyp biziň günlerimize gelip ýeten Sarahs babany dünýäniň belli alymlarynyň hatarynda hatyralaýar. Bu hatyralama beýik piri tirsegine galdyrmak bilen birlikde, ol hakynda gymmatly maglumatlary halka ýetirmegiň başlangyjyna öwrülýär.

 

Gyzylgül Tagandurdyýewa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.

  • 46
  • 25.07.2019