MAKALA

Mugallym şeýle diýipdir

Men adamlaryň özüme däl-de, özümiň adamlara düşünmeýänim üçin gam çekýän.

* * *

Ýüpüniň üstüne odun goýup bolmaýan ygtybarsyz adam bilen nähili iş salyşjak?! Bu oksuz arabany sürjek bolýan ýaly dälmidir?!

* * *

Men üç sany baýlygy aýap saklaýaryn. Olaryň birinjisi — adamlara söýgi, ikinjisi — tygşytlylyk, üçünjisi bolsa ilden öňe saýlanmazlyk.

* * *

Ýaşlara göwniýetmezçilik bilen garama! Geljekde olaryň akyllanyp, ajaýyp adamlar bolup ýetişmegi mümkin.

* * *

Kyrk-elli ýaşaýança, derekli işiň başyny tutup, sana goşulmadyk adam hormata mynasyp däldir.

* * *

Eger adamlar kimdir birini ýigrenýän bolsalaram, gowy görýän bolsalaram, onuň düýp sebäbine göz ýetirjek bol!

* * *

Asylly adam özgeleriň gowy işlerine goldaw berip, ýaramaz işleriniň öňüni almaga çalyşýar. Pes adam bolsa munuň tersinedir.

* * *

Ýeke-täk hakyky ýalňyş öz öňki ýalňyşlyklaryňy düzetmezlikdir.

 

Toplan Enegül Atajanowa,

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 54-nji orta mekdebiniň mugallymy.

  • 41
  • 27.07.2019