MAKALA

Bedewleriň waspy kämil eserde

Bedew atlar bilen iş salyşýanlara nobatdaky uly gollanma bolan bu täze kitap juda baý maglumatlary özünde jemleýär. «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly 8 bölümden ybarat bolan eser dünýä taryhynda atyň keşbiniň kemala gelişiniň geçmişini öz içine alýan gözýetimi yzygiderli açyp görkezýär. Kitap:

«Ýoluň – rowaç, iliň – rowaç!»,

«Bedew atyň ýüwrük bolsun!»,

«Owwal bedew aty gerek...»,

«Asmandan inen ykbal»,

«At – türkmen üçin ähli zat»,

«Ýanardagyň ýedi arkasy»,

«Tejribe hem-de kämillik»,

«Toý gününde bedew atlar gapylar...» atly bölümleri özünde jemleýär.

Onda meşhur seýis Aba Annaýewiň durmuşynyň mysalynda türkmen atşynaslygynyň däpleri barada gürrüň berilýär. Köpetdagyň eteklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýanynda gurlan nusgalyk oba onuň adyny göterýär. Okyjy kitaby okanda, ondaky täsin maglumatlaryň üsti bilen beýleki ýurtlaryň atçylygynda «behişdi» bedewleriň köp tohumlaryň genofonduny baýlaşdyryp, neneňsi orun eýeländigine magat göz ýetirer. Şeýle-de eserde ahalteke bedewleriniň birnäçe tohum ugurlary yzarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz eserinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary barada hem uly buýsanç bilen ýazýar. Bu topar haýran galdyryjy çykyşlary bilen häzirki wagtda bütin dünýäde şöhrat gazandy. Toparyň agzalarynyň durmuşyndan tolgundyryjy wakalar türkmenleriň öz behişdi bedewlerine ne­neňsi söýgi bilen garaýandygyny görkezýär.

«Akylyň ýetmedik ýerinde gudrat başlanýar. «Behişdi bedew», «suw aty», «ýel aty» ýaly kesgitlemeler hem-de atlarymyz baradaky ençeme ýordumlar hut şonuň ykrar edilmesidir. Bu hem tebigatyň bize beren uly serpaýydyr. Şeýle «serpaýlaryň» gadyryny bilip, arzyly saklamak bolsa, olaryň ömrüni müdimi edýär. Şu ýerde men tebigatdan alnan bir tymsaly beýan etmekçi. Adam ogluna baglar, daglar, derýalar, ýerasty baýlyklar we başga-da sansyz köp baýlyklar serpaý berlen. Nirede tebigat bilen sazlaşyklylykda ýaşalyp, şol baýlyklaryň durnuklylygyna täsir edilýän bolsa, ol ýerde adamlar rysgal eýesi, bereket bulagyndan paýly bolýarlar. Biz muny, maddy we medeni baýlyklarymyz barada hem şol ýörelgä pugta eýermelidiris. Bu biziň ata-babalarymyzyň pendidir. Hut şonuň üçinem atşynaslygy ösdürmegiň iň nusgalyk mekdebi türkmen Diýaryndadyr. Biz muny ýurdumyzda behişdi bedewlerimize berilýän ünsüň mysalynda hem aýratyn belleýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz täze kitabynda ýazýar.

Hawa, dogrudan-da özüniň gözelligi, duýgurlygy, ýyndamlygy bilen dünýäni baglan arassa ganly türkmen ahalteke bedewleri aslyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiz: «Wagt ahalteke atlarynyň şöhratynyň hiç wagt öçmejekdigini, onuň barha belende göteriljekdigini subut etdi. Gözelligiň nusgasyna öwrülen owadan bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň rowaçlyklarynyň, her beýik ýeňişleriniň ýaranlary boldular» diýip, jaýdar belleýär.

Türkmenistanyň çäginde atlaryň has irki döwürlerde-de ösdürilip ýetişdirilendigi aýdylýar. Arheolaglaryň geçiren gazuw-agtaryş işleri netijesinde, azyndan bäş müň ýyl mundan ozal türkmen bedewleriniň bolandygy tassyklanýar. Gadymy siwilizasiýada söwdanyň esasy ýoly bolup, taryha giren Beýik Ýüpek ýoly eziz Diýarymyzyň çäginden geçipdir. Şol döwürlerde Nusaý, Merw esasy nokat bolupdyr. Nusaýdan arheologlar tarapyndan birnäçe at şekilleriniň gadymy heýkelleri tapylypdyr. Ylmyň, medeniýetiň merkezi hasaplanýan Merwiň çäginde ýerleşýän Goňurdepede hem W.I.Sarianidiniň ýolbaşçylygynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, taý süňkleriniň üstünden barlypdyr. Bulardan başga-da, taryh-da halkymyzyň goňşy halklar bilen araçäkleşýän ýerlerine atly gözegçilik edilipdir. Şol sebäpli hem türkmen atlarynyň taryhynda serhet goragyna atlaryň çekilmegi juda gadymydyr.

Bu günki gün bedew atlar bilen iş salyşýanlaryň ýan kitabyna öwrülen hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby merdana serhetçileriň gulluk atlaryny ýetişdirmekde çäksiz mümkinçilikleri berýär. Serhetçileriň ýakyn ýardamçysy bolan gulluk atlarynyň kömegi bilen ýurt asudalygy, parahatlygy üpjün edilýär. Olar hüşgärligi, duýgurlygy, ýyndamlygy bilen öz mynasyp ýardamyny berýärler. Gullugymyzda gulluk atlary yzygiderli ýetişdirilip, olara ýörite seýisler, çapyksuwarlar bellenilýär. Okuw-türgenleşik sapaklary netijeli geçirilýär. Durmuşa geçirilýän bu işleriň barşynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň ähmiýeti aýratyn orna eýe bolup, merdana serhetçileriň ýurt goragy ugrundaky alyp barýan ygtybarly gulluklarynyň mizemezligini has-da dabaralandyrýar.

 

Garahanjar Baýhanow.

  • 86
  • 27.07.2019