MAKALA

Ýaş esgerlere harby tälimler öwredilýär

Mukaddes Watan öňündäki borjuňy berjaý etmek ýaly jogapkärli zat ýok. Çünki ata-babalardan ganymyza siňen watansöýüjiligiň belent nusgasy bizi ýurt goragynda hüşgärlige, saklyga, merdi-merdanalyga ruhlandyrýar. Şeýle ýörelgeleri özlerine ugur görkeziji çelgi edinip, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň yzygiderli döredip berýän şertlerinden peýdalanyp, mukaddes araçäklerimizi gorajak ýaş esgerler okuw-türgenleşik sapaklarynda erjelliklerini we ezberliklerini görkezýärler.

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzümine çagyryş boýunça harby gulluga kabul edilen ýaş esgerleri harby gulluga çekmek, olara harby tälimleri öwretmek, beden taýýarlaýjy maşklary we söweşjeň okuw sapaklaryny geçmek ýaly işler ähli harby bölümleriň okuw merkezlerinde gyzgalaňly dowam edýär. Okuw merkezlerinde ýaş esgerleriň dost-doganlyk serhedimiziň ygtybarly goragynda birkemsiz gulluk borçlaryny alyp barmaklary üçin tejribeli serkerdeleriň geçirýän okuw sapaklary, wagyz-nesihat we sport çäreleri oňyn netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Bu günki okuw merkezlerinde tälim alýan ýaş esgerleriň okuw-türgenleşik sapaklaryna hyjuwly gatnaşmagy, olaryň geljekde ýurdumyzyň serhedini berk gorajakdyklaryny kepillendirýär.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 97
  • 27.07.2019