MAKALA

Türkmen woleýbolçylary halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 19–24-nji awgusty aralygynda Nepalyň Katmandu şäherinde geçirilýän Aziýa çempionatynyň Merkezi zolagynyň ýaryşyna gatnaşar. Türkmen woleýbolçylarynyň bu ýaryşyň geçen ýylky çempionydygyny buýsanç bilen habar berýäris.

Şu ýylky ýaryşa 8 ýygyndynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar: Türkmenistanyň, Bangladeşiň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Nepalyň, Owganystanyň we Maldiw adalarynyň ýygyndylarydyr.

Geçen ýyl (aprel aýy) türkmen woleýbolçylary güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykyp, Bangladeşiň ýygyndysy bilen finala çykypdy. Duşuşyk 3:1 hasabynda biziň ildeşlerimiziň ýeňşi bilen tamamlandy we olar yklymyň jemleýji ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

  • 29
  • 27.07.2019