MAKALA

Paýhas ýoly

Günlerde bir gün şägirt halypasyndan sorapdyr:

– Eý akyldar, näme üçin kämillik ýoly agyr hem kyn? Hatda, käbir adamlaryň ömürboýy toplan akyl-paýhasy çägä siňen ýaly bolýar, pikirler geljege galmaýar.

Akyldar:

– Ilki bilen, pikir paýhasa öwrülende ol çägä siňen ýaly ýitip gitmeýär. Şeýle hem, wagt ynsan paýhasyny geljege süzüp geçirýär. Diňe batyrgaý pikirler, çuňňur paýhaslar geljege berk binýat bolýar – diýip, käsesine çaý guýdy.

– Oglum, hany sen aýt, näme üçin okaýarsyň?

– Paýhasa eýe bolmak üçin – diýip, şägirt jogap berýär. Halypa bolsa, bir käse çaý içip, şeýle diýýär:

– Sen ata münmek bilen ýola rowana bolýarsyň. At ýol geçmegiň serişdesidir. Paýhas hem kämillige ýetmegiň serişdesi bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem kämil adamlaryň pikiri çägä siňip giden ýaly bolmaýar. Ol pikirler göýä toýun ýalydyr. Ol toýuny ýugrup, bina üçin kerpiç ýasap bolýar. Diýmek, hakyky paýhas geljegiň binýadydyr.

 

Terjime eden Jennet Tirkeşowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

  • 29
  • 29.07.2019