MAKALA

Şähryslam — senetçilik merkezi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi we baý mirasy bu gün taryhyň altyn sahypasynda täze öwüşgin bilen beýan edilýär. Gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan geçmiş taryhymyzy, milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Geçmişde türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly gadymy kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşen rabatlara berkidilen kerwensaraýlaryň we galalaryň gurulmagyna ýardam edipdir. Kerwen ýolunyň ugrunda birnäçe obalaryň, guýularyň we sardoblaryň gurulmagy uzak ülkelerden argyşdan gelýän söwda kerwenleriniň düşläp geçmegine oňaýly şert döredipdir. Kerwen ýolunyň ösmegi goňşy halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň has-da ösmegine getiripdir.

IX asyrda gurlan rabatlaryň biri-de orta asyr ýazuw çeşmelerinde Täk Ýazyr ady bilen duş gelýän, häzirki wagt Şähryslam diýlip atlandyrylýan galadyr. Ýazyrlar barada ilkinji maglumat XI asyrda ýaşan alym Mahmyt Kaşgarla degişlidir. Ýazyrlar baradaky maglumatlar XIII asyryň başlarynda ýaşan geografiýaçy alym Muhammet Hajyp Bekranyň Soltan Tekeşe bagyşlap ýörite ýazan «Jahannama» atly kitabynda hem berilýär.

Şähryslam ilkibada 5 — 6 gektar ýeri eýelän bolsa, soňra onuň meýdany 30 gektara ýetipdir. Wagtyň geçmegi bilen şu ýerde oturymly ilatyň köpelmegi bilen, küýzegärleriň, kerpiç bişirýänleriň, zergärleriň, demirçi ussalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň artmagy netijesinde onuň umumy meýdany 100 gektara barabar bolupdyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Şähryslam şäher-galasy çarwa sährasy bilen çäkleşipdir, bir döwürler oguzlaryň paýtagty hem bolupdyr. Ondan çykýan kerwen ýolunyň bir şahasy demirgazyk-gündogara, Hywa tarapa hem gidipdir. Birki asyr mundan owal hem şol ýol bilen argyşa gidipdirler» diýip nygtamagy Şähryslamyňn belli bir taryhy döwür aralygynda oguzlaryň paýtagty bolandygy baradaky gymmatly maglumat hökmünde örän ähmiýetlidir. Şähryslam ýadygärliginiň gadymy yzlary häzirki wagtda Bäherden etrabynyň merkezinden 20 km demirgazykda ýerleşýär. Üstünden ençeme asyrlary we gowgaly külpetleri geçiren gala yzlary, Garagum sährasynyň çägelerine siňip, saklanyp galypdyr. Rowaýatlarda orun alan Şähryslam ýadygärliginiň ady dilden-dile geçip, taryhy we edebiýat çeşmelerinde biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Şähryslam ýadygärliginde barlaglar ilkinji gezek 1930-njy ýylda A.A.Maruşenko, soňra 1946 — 1948-nji ýyllarda B.A.Litwinskiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli edaralary tarapyndan geçirilýär. Geçen asyryň 60 — 70-nji ýyllarynda Şähryslamda gazuw-agtaryş işlerini türkmen alymy Ý.Atagarryýew alyp barýar. Alymyň ol ýerden tapan gymmatly tapyndylary türkmen taryhynyň we arheologiýa ylmynyň baýlaşmagyna ýardam edipdir. Ol ýerden tapylan tapyndylar arheologlaryň ünsüni özüne çekipdir.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hemaýatkärliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan 2017-nji ýyldan bäri Şähryslam ýadygärliginde arheologik gazuw- agtaryş işleri geçirilýär. Häzirki wagtda arheolog A.Berdiýewiň we TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri G.Ýagşymyradowyň ýolbaşçylygynda Şähryslam ýadygärliginde gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar. Şähryslamdan tapylan tapyndylar ylmy çeşmelere salgylanyp öwrenilýär. Geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan täze tapyndylar etnografiýa ylmy esasynda hem öwrenilýär. Bu iş A.Baltaýew tarapyndan alnyp barylýar.

Şähryslamda hünärmentçilik we senetçilik ösüpdir. Muňa şol döwrüň maddy subutnamalary bolan binagärçilik galyndylary, senetçilik önümleri we durmuş öý-hojalyk esbaplary şaýatlyk edýär. Esasan-da, Şähryslamda demir we metal işläp bejermek işleri giň gerime eýe bolupdyr. Şähryslam ýadygärliginiň günorta — günbatar gapdalyndaky depeleriň üstünde we töwerek-daşynda ergin demir galyndylarynyň bölekleri saklanyp galypdyr. Olar Şähryslamda demir önümçiliginiň ösendigine şaýatlyk edýär. 

 

(Dowamy bar)

 

Perman Halmyradow,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty.

  • 32
  • 29.07.2019