MAKALA

Halkara sport ýaryşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir güni şanly wakalara beslenýän eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikler barmak basyp sanardan kän. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sport ulgamynda hem ýetilýän belent sepgitler bu ugurda iňňän uly işleriň durmuşa geçirilýändiginden habar berýär. Bu günki gün güneşli Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän giň möçberli çäreler bilen bir hatarda, paýtagtymyz Aşgabatda halkara derejesinde sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi döwletimiziň şan-şöhratyny, galyberse-de, sport abraýyny belende göterýär.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejeli, üstümizdäki ýylyň sentýabrynda bolsa, «Amul-Hazar 2018»  halkara awtorallisiniň netijeli üstünlikler bilen geçirilmegi ýurdumyzyň sport dünýäsinde gazananlaryny bütin äleme jar etdi.

Sporty dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň ilçisi hasaplaýan Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň ykbalyna ýaran bolan sport çärelerini uly ruhubelentlige besläp, durmuşa geçirýär. Bu belent işler bizi öňümizdäki noýabr aýynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirmek mümkinçiligine eýe etdi. Bu çözgüt HAF-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2017-nji ýylyň 26-njy noýabrynda ABŞ-nyň Anahaým şäherinde bolan mejlisiniň barşynda makullanypdy hem-de şunuň bilen baglylykda, Halkara agyr atletika federasiýasynyň, Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama gol çekilipdi.

Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň ýokary derejede hem-de üstünlikli guralandygy ählimize mälim. Şu günler bolsa gözel paýtagtymyzda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Ajaýyp ýurdumyzda sporty ösdürmäge hemişe goldaw berýändigi hem-de halkara derejesindäki iri sport ýaryşlaryny yzygiderli geçirmäge işjeň gatnaşýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza dünýäniň sport janköýerleri hem-de öz gezeginde Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň Hormatly agzasy Tamas Ajan özüniň çuňňur hoşallygyny beýan etdiler.

Berkarar ýurdumyzda geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny artdyryp, ezber türkmen türgenlerini ýüze çykarar. Goý, hemişe türkmen sportuny ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmekde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ajaýyp işleri rowaç alsyn, jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun!

 

Ak mermer şäherimiz Aşgabatda geçiriljek

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty barada maglumatlar

Ýaryşyň günleri:

1-10-njy noýabry aralygy

Halkara agyr atletika federasiýasynyň kongresi we mejlisleri

28-31-nji oktýabr

Ýaryşyň derejesi

«Tokio 2020» Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmak ugrunda

Ýaryşa gatnaşjak döwletleriň sany

Takmynan 100 döwlet

Ýaryşa gatnaşjak myhmanlaryň sany

1000-e golaý myhman

600-700 türgen

200 tälimçi

45 tehniki wekil

Agram derejeler:

Jemi 20 agram dereje:

Erkekler: 55, 61, 67, 73, 81, 89, 96, 102, 109, +109 kg;

Aýallar: 45, 49, 55, 59, 64, 71, 76, 81, 87, +87

Ýaryşyň medallary

67 toplum medal

Tomaşaçylaryň sygymy

2000-e golaý

Hyzmat etjek meýletinçileriň sany

500 meýletinçi

Geçiriljek ýeri

Başa-baş söweş sungaty sport toplumy

Türgenleşik üçin desga

Türgenleşik zallary T2

Iýmit nokatlary

Jemgyýetçilik – medeniýet merkezi,

1000 orunlyk restoran

Resmi wekilleriň we VIP myhmanlaryň ýerleşjek ýeri

Sport myhmanhanasy

Türgenleriň ýerleşjek ýeri

Olimpiýa şäherjiginiň myhmanhanalary

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 99
  • 15.10.2018