MAKALA

Türkmen dzýudoçysy — Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

Şu günler Taýbeý şäherinde (Hytaý) ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty geçirilýär, oňa dünýäniň 19 ýurdundan 176 türgen gatnaşýar. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň düzüminde 7 türgen çykyş edýär.

Aşgabadyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şatlyk Seýitmyradow 81 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, mongoliýaly bäsdeşinden üstün çykmagy başardy, emma ýer eýesiniň wekilinden asgyn geldi. Netijede, biziň türgenimiz öňdäki üçlüge girmek bilen, bürünç medala eýe boldy. Taýbeýde geçirilýän ýaryşlar dowam edýär.

Türkmen türgenleriniň mynasyp bolýan her bir täze medaly bilen Watanymyza buýsanjymyz ýokarlanýar, halkara ýaryşlarynyň ýeňijileriniň hatarynda ýetginjek türgenler bolanda, bu buýsanç has-da ýakymlydyr. Olar geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny gorarlar, türkmen sportunyň baýdagyny belende götererler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde sporty ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle giň gerimli işler özüniň ajaýyp netijesini berýär.

  • 23
  • 30.07.2019