MAKALA

DINGO 2 HD

DINGO-nyň täze 2 HD nusgasy 3 tonna çenli bolan ýüki götermäge ukyplydyr. Awtoulagyň umumy agramy 14,5 t. barabar bolup, kuwwatlylygy 225 kVt deňdir. Ol 6 silindrli hereketlendiriji we doly awtomatik geçirijiler bilen üpjün edilip, hakykat ýüzünde dürli tabşyryklary anyk ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Bu belli we esasy ulag konsepsiýasy halkara derejesinde goragly ýagdaýda saklanýar. DINGO 2 HD-niň logistik konsepsiýasy öňden bar bolan DINGO awtoulagynyň nusgalaryna esaslanýar. Ony ulanyjylara (Germaniýa, Belgiýa, Çehiýa, Lýuksemburg, Norwegiýa we Awstriýa) DINGO ulag görnüşlerini öndürijiler ykdysady tarapdan netijeli hyzmat etjekdiklerini häzirden aýan edýärler.

Bu DINGO 2 HD awtoulagy ýeňil ulaglaryň içinde iň bir howpsuz we iň bir oňat goragly transport serişdesi hasaplanýar. Onuň innowasion konsepsiýasy öz ýolagçylaryny tanka we pyýadalara garşy minalardan, zäherli gurallardan, ok-därilerden hem-de artilleriýa oklarynyň böleklerinden ýokary derejede goraglamaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, DINGO 2 HD NBC agentlerine garşy ulgam bilen hem üpjün edilendir.

  • 76
  • 30.07.2019