MAKALA

Şähryslam — senetçilik merkezi

Dowamy

Häzirki wagtda Şähryslamda alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda täze we gymmatly tapyndylar ýüze çykaryldy. Arheolog A.Berdiýewiň «Şähryslam» diýen işinde belleýşi ýaly, geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda altyndan, misden, demirden, aýnadan, keramikadan, süňkden, daşdan ýasalan bezeg önümleri, ýaraglaryň, gündelik durmuşda ulanylýan dürli esbaplaryň we gap-gaçlaryň köp görnüşleri ýüze çykaryldy.

Şähryslamda metal işläp bejermekligiň zergärçilik ugry hem kämil derejede ösüpdir. Ol wagtlar Şähryslamda zergärleriň işlän merkezleriniň 4-si bolup, zergär ussalar öý hojalygy üçin gerek bolan gap-gaçlary, gelin-gyzlaryň şaý-seplerini ýasapdyrlar.

Şähryslamda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda üsti açylan otaglaryň käbirlerinde demir önümleri saklanyp galypdyr. Demir önümleriniň içinde: çüý, nal, pyçak, zynjyr, demir halka, kiçijik çemçe, näbelli kiçijik uçly demir, demir bölekleri ýüze çykaryldy.

Şähryslama gadam basanyňda, ilki bilen, depeleriň üstünde, Gün şöhlesine ýalpyldap ýatan, müňýyllyklara şaýat bolan küýze bölejiklerine gözüň düşýär. Biri-birine ýanaşyk ýatan depeleriň töwerek-daşynda küýze bölekleriniň ýaýrap ýatmagy, Şähryslamyň şol wagtky baý medeniýetli şäher hökmündäki keşbini göz öňüňde janlandyrýar.

Bu taryhy ýeriň günorta-günbatar tarapynda küýzegärleriň ýaşaýyş toplumy bolup, ol ýerde küýze, kerpiç bişirmek üçin peçler we ussahanalaryň birnäçesi gurlupdyr. Küýzegärçilik, kerpiç bişirmek we senetçilik önümleriniň agramly bölegi Şähryslamyň öz ussahanalarynda taýýarlanypdyr.

Şähryslamdan tapylan iň täsin zatlaryň biri-de, bişen kerpijiň ýüzünde saklanyp galan türkmen alabaý itiniň aýak yzlarydyr. Arheolog A.Berdiýew küýzegärçilik önümleriniň içinde ak palçykdan ýasalyp, ýüzüne altyn suw bilen ösümlik, epigrafik nagyşlar — balyklaryň, guşlaryň, haýwanlaryň şekilleri çekilen şakäseleriň ýokary hili bilen tapawutlanýandygyny belleýär. Küýzegärleriň önümlerini nagyşlar we syrçalar bilen bezänlerinde tebigy boýaglary ulanandyklaryny bellemek gerek.

Orta asyrlarda Türkmenistanyň çäklerinde çüýşe we aýna önümçiligi hem ösüpdir. Şähryslamda hem çüýşe gaplaryny ýasamak ýokary derejede işlenipdir we köp zähmeti talap edipdir. Muňa Şähryslamdan tapylan çüýşe we aýna erginleriniň galyndylary şaýatlyk edýär. Tapylan aýna bölekleriniň ýasalyş aýratynlygy biri-birinden tapawutly bolupdyr. Ol wagtlar aýna we çüýşe önümleriniň bezeg işleri hem ýokary derejelere ýetipdir. Şähryslamdaky çüýşe ýasaýjy ussalar çüýşeleriň we aýnalaryň ýüzüne dürli görnüşli nagyşlary salypdyrlar.

Şähryslamda 2018-nji ýylda geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu ýerde suw akabasynyň täze ugrunyň üsti açyldy. Bu akaba bişen kerpiç bilen gurlupdyr. Ýadygärligiň demirgazyk — günbatar çetinde ýerleşen kerwensaraýda geçirilen gazuw-barlag işleriniň dowamynda, onuň demirgazyk diwarynyň daş tarapyndan uzaboýuna (55 m) çekilen suw geçiriji ýüze çykaryldy. Ol kerwensaraýyň gapdalyndan geçýän ýoluň aşagyndan çekilip, üsti egme arka görnüşinde örtülipdir. Emma, suw geçirijiniň akabalaryny aram-aram arassalamak maksady bilen onuň käbir ýerleriniň üsti açyk goýlupdyr.

Asyrlaryň dowamynda Şähryslamda önümçiligiň ösmegi onuň kiçijik galalygyndan uly Orta asyr şäherine öwrülmegine getiripdir. Şähryslam Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen iri söwda-senetçilik merkezleriniň biri bolupdyr. Şol sebäpli hem bu ýadygärlik türkmen halkynyň geçmiş taryhyny we medeniýetini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

 

Perman Halmyradow,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty.

  • 27
  • 30.07.2019