MAKALA

Türkmen alabaýy — serhet goragçysynyň kömekçisi

Gadymy halkymyzyň durmuşynda ahalteke bedewi ýaly, türkmen alabaý iti hem möhüm orny eýeleýär. Şonuň  üçin türkmen halky öz bäş müň ýyllyk taryhynda tohum itlere aýratyn sarpa goýupdyr, itleri höwes bilen ýetişdiripdir. Türkmen alabaý iti türkmeniň dünýä öňündäki abraý-mertebesidir. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Milli mirasymyz bolan ajaýyp halylarymyz, milli şaý-seplerimiz, behişdi bedewlerimiz, ajaýyp türkmen itlerimiz ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesidir, dünýä ýaýan şöhrat-şanydyr» diýip belleýär.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, kellesi gazan ýaly, aýy penje, nazarkerde, döşi we iki gulagynyň arasy, maňlaýy giň itler hakyky tohum itleri hasaplanýar. Şeýle-de hünärmenleriň nygtaýşy ýaly, türkmen alabaýy ganynyň arassalygy, başga hiç bir tohumyň gatyşyksyzlygy bilen delillendirilýär.

Halkymyzda türkmen itleriniň gulak-guýrugynyň kesilmegi ýöne ýerden däldir. Maglumat çeşmelerinde bellenilişi ýaly, itiň gulagy kesilmedik ýagdaýynda onuň eşidişi haýal bolýar. Guýrugynyň kesilmeginiň sebäbi hem, itiň burny üşemese, ol dogumly bolmaýar. Şonuň üçin hem türkmen itiniň gulak-guýrugy kesilip gelnipdir.

Tohum itlerimiziň eýesine aşa wepalylygy onuň beýleki itlerden ýene bir aýratynlygydyr. Ol çopan iti, ýa bolmasa-da goýun iti diýlip tanalýar. Alabaý itiniň hakyky keşbini şu aşakdaky goşgy setirleri hem beýan edýär.

Ol çopanyň ýoldaşy,

Goýunlaryň syrdaşy,

Gije-gündiz hemişe,

Gorar sürini-goşy.

Elbetde, milli buýsanjymyz bolan alabaý itlerine halkymyzyň hormat-sarpasy çäksiz. Öň türkmen iti sürümizi, öý-ojagymyzy goraýan bolsa, indi serhetçiler bilen Watanymyzy goraýar. Häzirki döwürde araçäklerimiziň asudalygyny üpjün etmekde gulluk itleriniň aýratyn ähmiýeti bar. Bu günki gün türkmen itlerini gullukda peýdalanmak, olar bilen serhediň ygtybarly goragyny üpjün etmek göz öňünde tutuldy. Şonuň üçinem Gullugymyzyň Gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýerlerinde türkmen alabaý itlerini serhediň goragyna taýýarlamak boýunça möhüm işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda goragynda peýdalanyljak türkmen itlerini ýetişdirmek üçin ýurdumyzyň itşynaslary bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýarys. Olardan tohum, çempion bolan itleriň güjüklerini alýarys. Serhediň goragy üçin owçarka itleri ýaly, türkmen alabaý itini hem ýetişdirmegiň aýratynlyklary bar. Aslyýetinde güjük dogulanyndan soň iki aýa çenli enesiniň ýanynda saklanylýar we ene süýdi bilen ulaldylýar. Sebäbi iki aýlap ene süýdüni emen güjük sagdyn bolýar.

Itleri galapyn yssy wagty iki wagtyna, ýagny irden we agşam, gyş aýlarynda bolsa üç wagtyna naharlaýarys. Itleri okatmak meselesinde, alty aýlykdan soň olar bilen desgalary garawullamak, näbelli adamlara ynamsyz garamak endiklerini ösdürmek boýunça işler geçirilip başlanýar. Alty aýa çenli itlere lakamyny öwrenmek, özüni dürli şertlerde we ýagdaýlarda arkaýyn alyp barmak, güýçli seslerden gorkmazlyk boýunça endikler öwredilýär. Itleriň iýmitine aýratyn üns bermeli. Gaty ýagly zatlar berilmeýär. Ýagly iýmitler itiň süňküniň gaty bolmagyna päsgel berýär, aýaklarynyň gyşyk ösmegine getirýär. Türkmen itlerine çig, syrly etler berilse gowy bolýar.

Gaýduwsyzlygy bilen dürli ýabany ýyrtyjylaryň hötdesinden gelmegi başarýan türkmen itleri häzirki wagtda araçägimiziň goragynda desgalary garawullamakda, serhet tabşyrygy bilen gulluga gidip, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde ulanylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen alabaýlaryna berilýän üns has-da ýokarlandy. 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde türkmen alabaý itiniň keşbiniň saýlanyp alynmagynyň hem çuňňur manysy bardyr.

Türkmen itlerini dost-doganlyk serhedimiziň goragy üçin ýetişdirmekde alnyp barylýan işleri geljekde netijeli dowam edip, Watanymyzyň araçäkleriniň asudalygyny üpjün ederis.

 

Begli Annanurow.

  • 40
  • 30.07.2019