MAKALA

Informasiýalar biziň durmuşymyzda

Informasiýa informatikanyň ilkinji we düýpli düşünjeleriniň biridir. Informasiýa düşünjesine gysgaça kesgitleme bermek ýa-da ony bir sözlem bilen beýan etmek mümkin däldir. «Informasiýa» sözi biziň dilimizde «habar bermek, düşündirmek, mälim etmek, maglumat bermek» diýen manylary berýär.

Okuwçylar ýa-da talyplar üçin informasiýanyň esasy çeşmesi kitaplardyr. Kitaplardaky informasiýalary sarp edijiler bolup okuwçylar, talyplar çykyş edýärler. Doly we dogry kabul edilen informasiýa sarp edijä ygtybarly netijeleri çykarmagyna ýardam edýär. Informasiýa anyk, aýdyň bolmalydyr.

Informasiýalaryň doly däl ýa-da anyk bolmazlygy kabul edijiniň nädogry netijeleri çykarmagyna getirýär. Sapak wagtynda köçeden geçýän ulaglaryň sany barada maglumat toplamaga gyzyklanmak informasiýanyň talaplaryna laýyk gelmeýär. Informasiýa jedweller (tablisalar) görnüşlerinde hem bolup biler. Çyzgylar we saz eserleri, kitaplar we suratlar, sahna eserleri we kinofilmler — bularyň barysy-da informasiýalaryň beýan edilişiniň görnüşleridir. Olar, esasan, üç görnüşden ybaratdyr, ýagny tekst informasiýasy, grafiki informasiýa, ses informasiýasy.

Biz köplenç tekst informasiýalary bilen işleýäris. Olary toplaýarys, kompýuterlere girizýäris. Biziň berýän her bir informasiýamyzy kompýuter 0 we 1 sanlardan ybarat bolan, ikilik hasaplama ulgamynda saklaýar. Ony gerek wagty ulanyp, şeýle hem sarp edijä ugradyp bilýäris. Informasiýalary 0 we 1 sanlar arkaly aňlatma onuň kody diýýäris. Informasiýalaryň kody ulgamlaýyn blokda şekile öwrülýär we ol monitorda bize düşnükli bolan ýazgyda görünýär. Berilýän informasiýalara onuň göwrümine görä, kompýuter öz ýadyndan belli bir ölçegde orun berýär.

Kompýuter informasiýalarynyň iň kiçi ölçeg birligine bit diýilýär. «Bit» sözi «binary digit» (ikilik san) diýen iki sany iňlis sözünden gysgaldylyp düzülendir. Bir simwoly kodlamak üçin, adatça, 1 baýt möçberde informasiýa ulanylýar.

Grafiki maglumatlar monitoryň ekranynda nokatlaryň (pikselleriň) köplüginden emele gelýän şekil görnüşinde beýan edilýär. Her pikseliň kody onuň reňki baradaky maglumatlary özünde saklaýar. Ýönekeý ýagdaýda, ýagny ak we gara reňkler bilen şekillendirilende, pikseliň kody iki baha eýe bolýar: 0 — ak reňk (ekrana çykmaýar), 1 — gara reňk (ekrana çykýar). Diýmek, ony kompýuteriň huşunda saklamak üçin 1 bit ýeterlik bolýar.

Her bir kompýuteriň ses platasy, mikrofony we ses çykarýan düwmesi bar. Kompýuteriň sanly informasiýalaryny ýazyp, ýatda saklap we printerde çykaryp, köpeldip bolýar. Sesli faýllary redaktirlemek we diňlemek üçin ýöriteleşdirilen programmalar ulanylýar.

Kompýuter nol we birlik san maglumatlary bilen elektrik impulslary arkaly işleýär. Biziň eşidýän sesimiz üznüksizdir. Ses —– bu amplitudasyny we ýygylygyny üýtgedýän tolkundyr. Kompýuteriň diskine sesi ýazmak üçin ony san görnüşe geçirmelidir. Bu iş üçin analog — sana öwrüji ulanylýar. Diske ýazylan sesi eşitdirmek üçin sanly maglumaty san görnüşinden analog duýduryş görnüşe geçirmeli bolýar.

Görşümiz ýaly, biziň tutuş durmuşymyz dürli informasiýalary toplamakdan, olary gaýtadan işlemekden we sarp edijilere geçirmekden ybarat bolup durýar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere batly gadam urýan Türkmenistanyň milli bilim ulgamy sanly tehnologiýalara geçirilýär.

Bu işde informasiýalar sanly bilim ulgamynyň esasy hereketlendirijisi, material binýady bolup hyzmat edýär. Informasiýalary toplamak bilen ähli ulgamlarda maglumatlaryň elektron hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik döreýär. Uzak aralykdan elektron baglanyşyklary guramak, teleköpri arkaly sapaklary, maslahatlary, konferensiýalary geçirmek ygtybarly ýola goýulýar.

Ýaşlar üçin bilim almaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Arkadagymyzyň belent başynyň aman bolmagyny, haýyrly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Arazgeldi Ýegenow,

Daşogzuň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

 

  • 73
  • 30.07.2019