MAKALA

Hunandaky Pinszýan Şinužaýyň aýna köprüsi

Beýik aýna köprüleriniň içinde ilkinjileriniň biri bolan bu köpriniň uzynlygy 300 m bolup, onuň ýerden beýikligi 180 m deňdir. Ol Hunan welaýatyndaky Pinszýan-Şinýuhaý diýen ýerde köne derýanyň kert hanalarynyň arasynda ýerleşendir. Bu köpri ilkibaşda agaçdan gurulypdyr, 2014-nji ýylda ony aýna köprä öwrüpdirler. Köprini kesip geçmek üçin batyrlygyň zerurlygy sebäpli ony käwagt «Batyr adamyň köprüsi» diýip hem atlandyrýarlar.

Köpri özüniň ahyrky gapdalyna ýakynlaşýan kert gaýadaky ugurdaş ýol bilen baglanyşýar. Köpriniň beýikligine çalt we ýeňil ýetmek üçin bu ýerde aýna lift (galdyrgyç) hem bar.

Köpriniň gurluşynyň berkligini görkezmek maksady bilen bu ýerde nahar iýmek ýa-da ýoga bilen meşgullanmak ýaly çäreler hem geçirilýär.

  • 18
  • 31.07.2019