MAKALA

Durmuş sapaklaryndan

Özüňize edilen ýamanlyklardan sapak alyň! Şonda siz onuň ýüregiňizi nähili gyýýandygyny duýup, durmuşda bagyşlap bilmäge hem, ýagşylyk etmäge hem endik edersiňiz.

Islendik kişiniň dünýägaraýşyny, ýaşaýşa bolan höwesini, durmuşyny düýpgöter özgertjek zat, bu hakyky söýgüdir.

Iň gymmatly zat bolan wagty özüne boýun egdirip, salym bermän geçip duran bu dünýe, heý-de, «men-men» diýýän boýnyýogynlary özüne boýun egdirmejekmi?! Şol sebäpli: «Düýn dälmi köçä sygman ýöreniň, bu gün bolsa, girmäge hin gözleýäň» diýdirmek hökmanmyka?

Hiç hili manysy bolmadyk işler adamyň beýnisini tiz ýadadýar. Netijesiz işler ilki bilen-ä wagtyňy, soňam keýpiňi alýar.

Oýlanmak — juda kyn, emma soňy örän datly.

Her günki özüňe berýän sowallaryň içinde: «Şu gün men nähili haýyrly iş etdim?» diýen sowal bolsa, sen örän bagtly kişisiň.

Eger menden: «Hakyky dost kim?» diýip sorasalar: «Dogry söz» diýip jogap bererdim. Çünki ýalan söz islendik wagt seniň aýbyňy açmaga taýyn.

 

Amantäç Akmämmedowa,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

  • 23
  • 31.07.2019