MAKALA

Foruma bagyşlanan maslahat

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp, golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölüminde maslahat geçirildi. Maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Atajan Burunow, S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdüri, professor Italmaz Saparlyýew gatnaşdylar.

Maslahatda professorlar çykyş edip, ýurdumyzda geçirilýän Hazar ykdysady forumyň ähmiýetini serhetçi esgerlere giňişleýin düşündürdiler. Forumyň çäklerinde «Hazar innowasion tehnologiýalar» we «Türkmen sährasy-2019» sergileri we Halkara maslahaty hakynda täsirli gürrüň berdiler. Maslahatyň dowamynda harby gullukçylar forum barada özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogaplary aldylar.

 Maslahat oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Maslahatyň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy asudalygyň, şeýle halkara maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 43
  • 31.07.2019