MAKALA

T-20

T-20 esasy uglerod süýüminden işläp çykarylan monokok dizaýny, uly göwrümli ýükleri birleşdirmek üçin kawernoz daşky görnüşi bilen üpjün edilendir. Ganatynyň berk nokatlary ýükleri birleşdirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýandyr. Awionikanyň merkezi kuwwat we signallary (duýduryş) paýlaýyş düzümi ýükleriň özara baglylygyny üpjün edýändir. T-15, T-16 we T-20 uçarlarynyň ählisi Honda 4 zarply hereketlendirijileri bilen işleýär. Mahsus bolan uly göwrümli hereketlendirijiler ýangyjyň örän tygşytlanmagyny we ähli ygtybarlylygyny üpjün edýär. Ähli T-nusgaly uçarlar ykjam «Arcturus Pnevmatik Launch System» (PLS)-dan katapult ýagdaýda uçurmak üçin niýetlenendir. Katapult (samolýoty uçurmak üçin mehanizm) ýagdaýda goýberilýän bäsdeşlerinden tapawutlylykda Arcturus PLS ýeňil dolandyrylýar we 10 minutdan azrak wagtda 70 funt beýiklikden ýokary göterilmän, iki adamyň buýruk bermeginde sazlanýar. T-nusgaly uçarlaryň berk planýory beýikligiň islendik gradusynda özüniň öňki ýagdaýyny aňsatlyk bilen dikeltmäge ukyplydyr. Arcturusyň ähli uçarlary ekspedisiýa şertlerinde çalt ýaýbaňlandyrmak üçin niýetlenendir. Uçar diňe iki adam tarapyndan 15 minudyň içinde düzülip, uçuşa taýyn edilip bilner.

  • 23
  • 31.07.2019