MAKALA

Uly ýeňişlere uly arzuwlar bilen

Taryhdan mälim bolşy ýaly, agyr atletika gadymy Afinynyň tomaşa meýdanlarynda götermek üçin goýlan agyr daşlar arkaly, bu ugruň ägirtlerini saýlap ugrapdyr. Ezber türgenimiz, halkymyzyň söwer ogly Altymyradyň eginlerinde bu ugruň ençeme gezek rekordynyň täzelenmegi bolsa, agyr atletika barada buýsanarlyk taryhy ýolumyzyň bardygyna şaýatlyk edýär. Bu gün bolsa adyndan hem belli bolşy ýaly, türgenden iňňän uly çydamlylygy, güýçlüligi talap edýän agyr atletika hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary bilen täze nesliň eginlerinde üstünliklere sary barýar. Has dogrusy, ýurdumyzda bolup geçen «Aşgabat 2017» oýunlary hem türkmen agyr atletikaçylarynyň täze nesliniň kemala gelýändigini gazanylan üstünlikler bilen subut etdi. Belki şol türgenler agyr atletikanyň geljekki «Altymyratlary» bolup, dünýä rekordlaryny täzelejek pälwanlar bolar. Munuň şeýle boljakdygyna tüýs ýürekden ynanmak bilen biz, ýaşdygyna garamazdan geljegine uly umyt baglanýan agyr atletikaçylarymyzyň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň türgeni Daýanç Aşyrowa paýtagtymyzdan ýer ýüzüne dabaralanjak agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna görýän taýýarlyklary we bu ýaryşdan garaşýan netijeleri hakynda pikirlerini okyjylarymyz bilen paýlaşmagyny haýyş edip, ýüz tutdyk. Haýyşymyza ýaýdançsyz «Baş üstüne» diýip, jogap beren türgen: «Ençeme döwletlerden agyr atletikanyň ägirtlerini özünde jemlejek dünýä çempionatyna gatnaşmaly türgenler onuň badalga beriljek günlerine uly tolgunma bilen garaşýarlar. Ähli türgenleriň ýüreklerindäki maksat bolsa ýeňişlere tarap. Men hem bu çempionatda 81 kg agram derejesinde çykyş etmek üçin irginsiz türgenleşýärin. Nesip bolsa ýaşyl Tugumyzy ýeňiş sazynyň astynda belende göterip, altyn medaly ýurdumyzda alyp galmak üçin yhlas ederin. Çünki men agyr atletika bilen ýetginjeklik döwrümden bäri meşgullanyp gelýärin. Sportuň bu ugruna bolan söýgim meni ýurdumyzyň Sport we syýahatçylyk institutyna alyp gelipdi. Institutda okaýan döwrüm meni kämillik menzillerine ataran ýyllar geljekki ýeňişlerimiň başlangyjyny goýupdy diýsem ýalňyş bolmasa gerek.

2012-nji ýylda Aziýa kubogyny almak ugrundaky ýaryşda agyr atletikanyň birbada götermek görnüşinde kümüş, itekläp götermek görnüşinde bürünç medaly gazanmak bilen, umumy görkezijim babatynda 1-nji ýeri eýeledim. 2014-nji ýylda Kazan şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatyndan, 2015-nji ýylda Katarda geçirilen Aziýa çempionatyndan ýurdumyza bürünç medal bilen dolanmagy başardym. 2016-njy ýylda instituty üstünlikli tamamlanymdan soň 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagym bolsa, meni has uly ýeňişlere ruhlandyrdy. Ýaňy-ýakynda, has takygy 25-nji sentýabrdan 16-njy oktýabry aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionaty üçin Türkiýe döwletiniň Antalýa şäherinde okuw ýygnanyşyk türgenleşiginde bolup, meşhur tälimçileriň ýolbaşçylygynda türgenleşik işlerini geçdik. Jemi 700-e golaý türgeniň gatnaşmagyna garaşylýan bu çempionatda men nesip bolsa türkmen türgenlerimiziň ýeňişli ýollarynyň gelejekde agyr atletikanyň dünýä rekordlary bilen sepleşjekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.

Ilkinji halypam Gurbandurdy Amanowyň tagallalary bilen agyr atletikanyň arenalaryna alyp gelen yhlasym häzirki wagtda tälimçilerim Jafar Topçynyň we Hezretguly Sähetmyradowyň ynamy bilen meni bu çempionatyň altyn medalyna ruhlandyrýar. Häzirki wagtda iň esasy maksadym öz ýeňşim bilen ýaşyl Tugumyzy belentliklere göterip, «Tokio 2020» Olimpiýa oýunlaryna ýollanma alyp, halkymyzyň beýik buýsanjy bolan Altymyrat kimin dünýäni türkmen türgenleriniň rekordlary bilen haýran galdyrmak. Belki bu häzirki görkezijilerime görä has uly arzuwdyr, emma durmuşda hem mydama uly zatlar uly arzuwlardan döreýär ahyryn. Hut şonuň üçin hem bu çempionatdan ynamymyz uly. Pursatdan peýdalanyp, biz – türgenler üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, bütin dünýäde dabaralanýan ynsanperwer ýörelgeleri geljekde hem uly rowaçlyklara beslensin!» diýip, arzuwlaryny paýlaşdy. Biz hem Daýanja çempionatyň altyn medalyny tüýs ýürekden arzuwladyk.

Taryhyna Mişan pälwan hakyndaky rowaýatlar, ykbalyna Altymyrat ýaly gerçekleriň dünýä rekordlary bilen bagly hikmetler siňen Watanymyzda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň türkmen türgenleriniň rekordlary bilen ýazylan täze sahypasynyň açyljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Şeýle ynam bilen bolsa, ähli türgenlermize uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Aknur ROZYÝEWA.

  • 108
  • 21.10.2018