MAKALA

Aýa uçuryldy

Hindistan «Chandrayaan-2» atly enjamyny ýurduň iň kuwwatly raketasy bolan «GSLV MkIII-M1» bilen Şriharikota adasyndaky Satişa Dhawana kosmodromyndan uçurdy. «Chandrayaan-2» taslamasy «Chandrayaan» maksatnamasynyň ikinji tapgyry bolup, Aýa gonduryljak dürli enjamlar arkaly Ýere maglumat ibermegi maksat edinýär. Maksatnamanyň birinji tapgyryna degişli bolan «Chandrayaan-1» 2008-nji ýylyň oktýabrynda uçurylypdy. Täze uçurylan enjamlaryň arasynda Aýda hereket etjek mobil ulag hem bolup, olar himiki barlaglary etmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem enjamlar ol ýerde suwuň alamatlaryny gözlemekde we Gün ulgamynda gözleg işlerini geçirmekde peýdalanylar. Bu taslama üçin 140 million dollar sarp edilipdir. Kosmos enjamlary we raketa dolulygyna diýen ýaly hindi inženerleri tarapyndan işlenip düzülipdir. Hindistanyň Kosmos Barlaglary Guramasynyň (ISRO) işläp düzen «Vikram» atly enjamy 7-nji sentýabrda Aýa gonar. Onuň gonmagy üçin ilki howpsuz ýer tapylar. Maksatnamanyň üçünji uçuşynyň 2024-nji ýylda amala aşyryljakdygy habar berildi.

Mundan ozal, ABŞ, Russiýa we Hytaý öz enjamlaryny Ýeriň hemrasyna gondurmagy başarypdy. Mundan ozalky kosmos maksatnamalarynda bolşy ýaly, «Chandrayaan-2» hem arzan bahaly bolmagy bilen tapawutlanýar. Hindistan 2014-nji ýylda ýurt Marsa enjam uçurypdy. «Mangalyaan» atly 73 million dollarlyk taslamanyň çäklerinde amala aşyrylan bu uçuş iň arzan hem-de Gyzyl planeta ilkinji synanyşykda şowly bolan taslama hökmünde hasaba alnypdy.

 

Zaman Türkmenistan.

  • 22
  • 01.08.2019