MAKALA

Ýaryşyň jemi jemlenildi

Golaýda woleýbol boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň birinjiligini almak ugrunda yglan edilen sebitleýin ýaryşyň jemi jemlendi. Her ýylda geçirilmegi kada öwrülen ýaryşa serhetçi türgenler öňkülerinden has taýýarlykly gelendiklerini ýaryşyň dowamynda subut etdiler. Bu geçirilen ýaryş hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky tagallalaryndan ruhlanýan türgenlere ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.

Ýaryşyň ahyrynda birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan toparlar kesgitlenildi. Birinji orna mynasyp bolan topara Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň göçme kubogy gowşuryldy. Şeýle-de bu topar bilen bir hatarda, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan toparlara Gullugymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 51
  • 01.08.2019