MAKALA

Dostlugyň görnüşleri

Bir akyldardan «Dostlugyň näçe görnüşi bar» diýip sorapdyrlar.

 – Dört görnüşi bar – diýip, ol bada-bat jogap berýär.

Dost bar iýmit ýaly – ol saňa her gün gerek bolýar. Dostlugyň derman ýaly görnüşi bar – sen olary haçan halyň agyr bolanda gözleýärsiň. Dostuň ýene bir görnüşi kesel ýaly – onuň özi sizi idäp tapýar. Dostuň dördünji görnüşi bolsa howa ýaly – ol göze görnenok. Ýöne hemişe seniň bilen bile bolýarlar.

 

Adama näçe dost zerur?

Bir okuwçy mugallymyndan soraýar.

– Adama näçe dost gerek?

– Onuň jogaby örän ýönekeý – diýip, mugallym jogap berýär. – Şu agajyň iň ýokarsyndaky ho-ol gyzyl almany maňa alyp ber!

Okuwçy başyny galdyryp, alma seredýär.

– Ol örän ýokarda ahyryn. Oňa meniň boýum ýetmez.

– Dostuňy çagyr, goý, ol kömek etsin.

Okuwçy dostuny çagyrýar-da onuň egnine münýär.

– Barybir elim ýetenok.

– Sende başga dost ýokmy? – diýip mugallym soraýar.

Okuwçy ýene-de birnäçe dostuny çagyrýar. Olar bir-biriniň egnine münýärler. Emma alma ýetip bilmeýärler.

Mugallym sowal berýär.

– Näçe dostuň zerurdygyny indi düşündiňmi?

– Düşündim mugallym – diýip, okuwçy jogap berýär. – Ähli meseläni çözer ýaly örän köp dost gerek.

Mugallym başyny ýaýkaýar:

– Hawa. Iň bolmanda şol dostlaryň içinden biriniň almany ýolmak üçin merduwan getirmäge akly ýeter ýaly.

 

Allanur Güjikow,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.

  • 20
  • 01.08.2019