MAKALA

Ýaşlaryň röwşen geljeginiň kepili

2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, döwlet syýasatynda, wagyz etmek işinde we ýaşlary terbiýelemekde, ilkinji nobatda, ruhy mirasymyzy mysal hökmünde öňe sürmelidiris. Hormatly Prezidentimiz ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyna, aýratyn-da, sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak wezipelerini çözmäge üns berilmelidigini nygtady. Ýaş raýatlaryň döredijilik başlangyçlary, ukyp-başarnyklary durmuş-syýasy, jemgyýetçilik pikirleriniň, garaýyşlarynyň emele gelmegine täsirini ýetirýär. Munuň özi bolsa jemgyýetiň ösüş ugurlaryny häsiýetlendirýär. Döwlet tarapyndan adam mertebesine hormat goýulmagy, adam hukuklarynyň kepillendirilmegi raýatlaryň ruhubelentligini, işjeňligini şertlendirýär.

Ýaşlaryň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertler ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň intellektual mümkinçiliklerini, zehinini, ukyp-başarnygyny jemgyýetçilik ösüşine ugrukdyrmakda möhüm ähmiýetlidir. Ylym ýoluna gadam basan ýaşlar, özleriniň başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan höweslendirilýändigini duýýarlar we bu ugurda işjeňleşýärler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip bellenmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaşlar baradaky aladanyň ähmiýetini beýan edýär. Şeýle hem, döwletimiziň milli kanunçylygynda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän döwrebap kanunlar bar. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Maşgala kodeksini, Türkmenistanyň Zähmet kodeksini, «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny görkezmek bolar.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň hukuklary we azatlyklary üpjün edilýär, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin mümkinçilikler döredilýär. Kanunyň 26-njy maddasyna laýyklykda ylym we innowasiýalar çygrynda ýaşlara döwlet goldawy birnäçe ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Olardan ylym, tehnika we tehnologiýalar babatda zehinli ýaş raýatlary goldamak we höweslendirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaş alymlar üçin döwlet grantlaryny bermek, geljegi uly bolan ylmy barlaglary alyp barýan ýaş alymlar üçin ýeňillikli maliýe we maddy şertleri döretmek, şeýle hem ýaş alymlaryň innowasiýa işi üçin döwletiň eýeçiliginde durýan maddy serişdeleri şertnamalaýyn esasda bermek ýaly ugurlar aýratyn bellärliklidir. Bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ýaşlar barada döwlet syýasatynyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny utgaşdyrýar.

Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakynda alada «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň döwrebap bilim almagyny, milli ruhda terbiýelenmegini, döredijilik ukyplarynyň kämilleşdirilmegini, saýlap alan hünärlerine görä zähmet çekmegini gazanmaga, ylym bilen meşgullanmak mümkinçiliklerini ösdürmäge uly üns berýär. Döwletimiziň ýaşlar barada alyp barýan syýasaty möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, olary hemmetaraplaýyn goldamagyň, hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Her ýyl ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetçilik işine işjeň goşulmagy üçin zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Orta we ýörite orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleriniň maddy binýatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we şol şertleriň esasynda dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli bilim bermek ýaşlaryň döwrebap hünärmenler bolmagyny üpjün edýär. Döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaşlar bilimiň dürli ugurlary boýunça geçirilýän halkara bäsleşiklerinde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş edýärler.

Ýurdumyzda ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygyny we iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň 18-nji awgustynda «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» Karar kabul edildi. Bu Pudagara topar ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň iş bilen üpjün edilmegi baradaky meseleleri yzygiderli seljerýär. Şeýle hem ýaşlary işe ýerleşdirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar we zerur teklipleri berýär. 2018-nji ýylyň 2-nji martynda ýurdumyzda ýaşlaryň netijeli we önjeýli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri hem-de has oňaýly şertleri döretmek, iş bilen üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Bu resminamalar ýaşlary Watanymyza gerekli hünärmenler edip ýetişdirmekde, olaryň iş üpjünçiligini gowulandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Maksatnamany ýerine ýetirmek üçin öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar. Bu wezipeleriň çäklerinde ýaş hünärmenleriň zähmet bazaryndaky ýagdaýyny yzygiderli seljermek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, iş gözlegindäki ýaşlaryň we olaryň işe ýerleşmegi bilen bagly maglumatlaryň hasaba alnyşy yzygiderli geçiriler. Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ýaşlaryň iş üpjünçiliginiň, ykdysady işiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Hawa, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky öňdengörüjilikli döwlet syýasaty, kanunçylyk taýdan üpjün edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, ýaş nesil baradaky aladanyň esasynda kämil şahsyýetleri we sagdyn nesli kemala getirmekde ata-babalarymyzyň milli edep-terbiýe kadalary, durmuş tejribesi bilen utgaşykly sazlaşygyň durýandygy wajyp ähmiýete eýedir.

 

Merjen Borjakowa,

Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

  • 25
  • 01.08.2019