MAKALA

Bulary bilmek gyzykly

Piliň kelle beýnisiniň agramy onuň öz agramynyň 0,27 göterimine deňdir.

 

Delfinler bir gözi açyk halda uklaýarlar.

 

Ýerde ýaşaýan jandarlaryň içinde žiraflaryň ýüregi iň uly ölçeglisidir. Olaryň dili-de gara reňkde bolup, uzynlygy 45 santimetre barabardyr.

 

Guşlaryň kolibri görnüşi ýöräp bilmeýär.

 

Hameleonlara saga-sola seretmek üçin kellesini eýläk-beýläk öwürmek hökman däl. Sebäbi olaryň gözleriniň hersi özbaşdak hereketlenip, bir wagtda ähli tarapa-da seredip bilýärler.

 

Pingwin ýüzüp bilýän, emma uçup bilmeýän ýeke-täk guşdur. Şeýle-de olar göwresini dik tutup ýöreýän ýeke-täk guşdur. Olar 1,5 metr beýiklige böküp bilýärler.

 

Gippopotamlar pilden soň iň agyr jandarlar bolup, olaryň agramy 4 tonna Hameleonlara ýetýär.

 

Balykgulak sekuntda bary-ýogy 1,5 millimetr aralygy geçýär.

 

 

  • 24
  • 01.08.2019