MAKALA

Talyplaryň pikirleniş ukyplaryny ösdürmek

Talyplaryň pikirleniş, ukyp-başarnyklaryny ösdürmek dürli ýollaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Meselem, özbaşdak iş usulyny alyp göreliň. Sapagyň gurluşynda özbaşdak işe berilýän mysallaryň çylşyrymlylygyna däl-de, eýsem onuň çözülişiniň çylşyrymlylygyna üns bermeli. Mysallaryň çözülişinde ulanylýan tärleriň ýerine ýetirilişine ünsi güýçlendirmeli. Mugallym sapaga taýýarlanýan döwründe diňe bir özbaşdak işiň geçirilişine üns bermän, eýsem ony barlamagyň hem pikirini etmeli. Düzgün boýunça özbaşdak iş talyplar tarapyndan sapak wagty geçirilýär. Şol sapakda talyplaryň işi barlanylmaly hem-de bahalandyrylmaly.

Matematika sapaklarynda talyplaryň ýatkeşligini, pikirleniş ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmekde ýatdan hasaplamaga degişli barlagnamalaryň ähmiýeti uludyr. Mysal üçin, bilimleri berkitmek döwründe barlagnamalardan peýdalanmak däbe öwrüldi. Her bir geçilýän tema boýunça barlagnamalar düzülip, talyplaryň alan bilimleriniň hili barlanylýar. Mysal üçin, barlagnamalar üçin talyplara şeýle ýumuşlar tabşyrylyp bilner.

a) ar; b) desimetr; ç) dm3; d) m3.

Meýdany 16 m2 bolan kwadratyň çäk uzynlygy näçä deň?

a) 16 m; b) 12 m; ç) 4 m; d) 32 m

Ininden 2 dm uzyn bolan gönüburçlugyň meýdany 80 kw. dm. deň. Gönüburçlugyň uzynlygy we ini näçä deň?

a) 6 dm we 8 dm, b) 7 dm we 9 dm,

ç) 8 dm we 10 dm, d) 9 dm we 11 dm.

Ini uzynlygyndan 2 esse kiçi bolan gönüburçlugyň çäk uzynlygy 48 m bolsa, onuň ini, uzynlygy näçe metr?

a) 12 m, 8 m; b) 6 m, 12 m; ç) 8 m, 16 m; d) 9 m, 18 m.

a) 8; b) 48; ç) 32; d) 16.

Biziň gündelik durmuşymyz meseleler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Eger-de, talyp mesele çözmegi başarmasa, onda ol entek onuň alan biliminiň we özbaşdak pikirlenmek endiginiň ýeterlik däldigini aňladýar. Talyplarda mesele çözmek, özbaşdak pikirlenmek endiklerini ösdürmek mugallymlaryň esasy borçlarynyň biridir. Şonuň üçin, tabşyrylýan ýumuşlar talyplary pikirlenmäge mejbur etmelidir. Adam näçe köp pikirlense, onuň aňy şonça-da artýar. Geliň, käbir meseleleriň çözülişine garalyň.

Mesele: Dükandaky egin-eşik bölüminiň harytlary 10 göterim arzanladyldy. Wagtyň geçmegi bilen şol harytlar ýene-de 10 göterim gymmatladyldy. Harydyň bahasy üýtgedimi? Bu soraga käbir talyp pikirlenmezden, “ýok” diýip jogap berýär. Hakykatda beýle däl. Mysal üçin, harydyň bahasy ozal 100 manat diýeliň. Eger ol 10 göterim arzanladylsa, onuň bahasy 90 manat bolar. Ýene birnäçe wagtdan ol haryt 10 göterim gymmatlasa, ol 9 manat gymmatlar. Şeýlelikde, harydyň bahasy 99 manat bolar. Diýmek, harydyň bahasy üýtgeýän eken.

Mesele: Eger diňe 200 g we 50 g çeküw daşlary bar bolsa, nädip üç çeküwde 9 kg tüwüden 2 kg tüwini çekip alyp bolar?

Biziň mekdebimizde usuly birleşmeleriň hepdeligi geçirilýär. Her bir mugallym talyplaryň gyzyklanýan ugurlary boýunça ýumuşlary taýýarlaýar. Uly arakesmede we okuwdan soň şol ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin, talyplar isleg bildirýärler. Olar uly gyzyklanma bilen ýumuşlary çözýärler.

Talyplaryň logiki pikirleniş ukyplaryny ösdürmek dürli ýumuşlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Meselem, matematika usuly birleşmesinde magnit tagtalarynyň we magnitli çöpjagazlarynyň kömegi bilen rim sifrlerinden dürli san aňlatmasy düzülýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe talyplaryň pikirleniş ukyplaryny ösdürmek sanly bilim özgertmelerinde, okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmekde mynasyp orun tutýar. Ol iş görnüşleri we tärleri okuw maksatnamalarynyň talaplaryna laýyklykda talyplaryň giň dünýägaraýyşly bolmagynda ähmiýetlidir.

 

Şamyrat Nurmyradow,

Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

  • 29
  • 02.08.2019