MAKALA

Gündogar tymsallaryndan

Agtygy tölemeli

Günlerde bir gün bir gartaşan kişi gezim edip ýörkä, çaýhananyň işiginde asylyp goýlan bildirişe gözi düşüpdir. Onda: «Islän kişi çaýhanamyza girsin, islän zadyny alsyn, iýsin. Ol adamdan hiç hili pul alynmaz, onuň agtygyndan alnar» diýlip ýazylypdyr. Bildirişi okan ýaşuly: «Men bir sallah adam. Oglum ýok, gyzym ýok, agtygym-da ýok. Gel, bir gowuja edip garnymy doýraýyn-la» diýip pikirlenipdir. Çaýhana girip, arkaýyn naharlanypdyr. Goja garnyny doýrup, ötägitjek wagty onuň öňüne iýen naharlarynyň hasabyny ýazyp getiripdirler. Ol gapydaky ýazgyny görkezip: «Ol ýere serediň! Özüňiz bildiriş ýazypsyňyz. Puly menden däl-de, agtygymdan almaly ahyryn» diýipdir. Çaýhananyň işgäri oňa: «Hawa, bildirişimiz ýalan däl. Ýöne biz siziň iýen naharlaryňyzyň puluny talap edemizok. Ol puly siziň agtygyňyz tölär. Biziň sizden aljak bolýan pulumyz — ataňyzyň bergileri. Ol hem bir gün gelip, edil siziňki ýaly nahar iýip gidipdi» diýip, jogap beripdir we ýaşuludan naharyň puluny alypdyr.

 

Şükürli bolmagyň derejesi

Bir gezek Nejmeddin Kubranyň şägirtleriniň biri kerwene daklyşyp, halypanyň tabşyrygy bilen uzak ýola sapara çykypdyr. Ep-esli ýöränsoňlar, garaňky gatlyşypdyr. Golaý-goltumda oba-gara bolmansoň, kerwendäkiler şol ýerde düşlemegi müwessa bilipdirler. Howanyň çigrekligi bulary az-kem aljyradypdyr. Töwerekden tutaşdyrlyk odun tapmak hem kyn bolupdyr.

Ahyry eýdip-beýdip oňşarlyk odun çöpläpdirler. Boldugyndan nahar-şor edinipdirler. Kerwendäkiler az-kem zeýrenip başlapdyr. Emma piriň şägirdi zeýrenmeg-ä beýlede dursun, gaýta şükür edip oturan eken. «Biz-ä şükür eder ýaly ýagdaý göremzok. Gijäniň tümlügi. Gyşyň aňzagy. Daşymyzda köwejekläp ýören aç möjekler. Ýeri şükür eder ýaly näme bar?» diýşip, adamlaryň käbiri geňirgenipdir. «Ykbal bize näme görkezýän bolsa, bizi synamak ýada taplamak üçin görkezýär. Hikmetsiz çöp başy gymyldamaz. Biz şu mahal nähili ýagdaý bilen gurşalan bolsak, bu biziň üçin iň haýyrly ýagdaýdyr. Şükür edýänlere, mundanam gowusy garaşýandyr. Onsoňam, haýyr-şepagat biziň oňa garaşan wagtymyz däl-de, tüýs bize gerek wagtynda gelýändir» diýip, şägirt jogap beripdir.

 

Taýýarlan Maral Essenowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

  • 23
  • 02.08.2019