
Türkmenistanyň ýetginjekler futbol ýygyndysy CAFA - 2019-daky ilkinji ýeňşini gazandy
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U16) Merkezi-Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda birinji ýeňşini gazanmagy başardy diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Dördünji tapgyryň çäginde Gyrgyzystanly deň-duşlary bilen duşuşan Batyr Şyhyýewiň tälim berýän türgenleri 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren topy 55-nji minutda Muhammedaly Kişikow öz adyna ýazdyrdy.
Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynda Özbegistanyň ýygyndysy owganystanly deň-duşlaryny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Täjigistanyň ýygyndysy hem şol bir hasap bilen Eýranyň ýygyndysyny ýeňlişe sezewar etdi.
Geçirilen dört tapgyrdan soň 10 utuk toplan Täjigistanyň ýygyndysy ýaryş tertibiniň birinji basgançagyny eýeleýär.
7 utukdan toplan Özbegistanyň hem-de Owganystanyň ýygyndylary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler. 6 utugy bolan Eýranyň ýygyndysy dördünji, Türkmenistanyň ýygyndysy bolsa toplan 3 utugy bilen bäşinji orunlary eýeleýärler. 1 utugy bolan Gyrgyzystanyň ýetginjekler ýygyndysy soňky orunda ornaşdy.
Bäşinji tapgyryň duşuşyklary 1-nji awgustda geçirilip, Gyrgyzystan – Eýran, Özbegistan – Türkmenistan hem-de Täjigistan – Owganystan bilen duşuşar.
