MAKALA

Dil – egsilmez baýlyk

 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli aladalary netijesinde ylym-bilimiň döwrebap ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda milli dilimizi ösdürmäge, ylmy taýdan öwrenmäge hem-de ýaşlara çuňňur öwretmäge berilýän üns durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda has-da guwandyryjydyr. Çünki diliň hünär öwrenmekdäki, medeni we ykdysady gatnaşykdaky ähmiýeti diýseň uludyr. Ynsan dünýä gelensoň, onuň jemgyýetdäki gatnaşyklary özleşdirmäge, durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagynda diliň ýerine ýetirýän wezipesi ummasyzdyr. Ynsan ähli pikirlerini, duýgularyny diliň kömegi bilen beýan edýär. Şonuň üçin diliň adamlaryň özara pikir alyşmagynda, birek-biregiň pikirini ösdürmekde hyzmaty örän uludyr. Jemgyýetde bilimiň, ylmyň ösmegindäki hyzmaty hem ägirtdir.

Ýaşlaryň özge halklaryň dilini öwrenmekde dil taýýarlygynyň, dil baýlygynyň kämil bolmagyny gazanmakda, köp dil bilmeklerini üpjün etmekde sözlükleriň, halk döredijiliginiň, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň peýdasy ummasyzdyr. Häzirki zaman tehnologiýasy dil baýlygyny artdyrmakda, sözleýiş medeniýetini ösdürmekde täze-täze usullary hödürleýärler. Sözleýiş diliň baý bolmagy bolsa daşary ýurt dillerini öwrenmek hem-de täze maglumatlary özleşdirmek mümkinçiligini artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzda amala aşyrylýan bahasyna ýetip bolmajak şeýle uly işler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz milli gymmatlyklaryny, dilini, halk döredijiligini geçmişden geljek nesillere geçirýärler. Şeýle gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmen dilimizdir. Gadymdan gelýän türkmen dilimizi ylmy esasda öwrenmäge, bilim ulgamyny köptaraplaýyn ösdürmäge we ýaş nesillere geçirmäge ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun!

 

Altyn Ussaýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

  • 25
  • 03.08.2019