MAKALA

Hytaý akyldary Konfusiniň pähimlerinden

Kim pikirlenmän okasa, şoňa bulam-bujarlyk akyp barýar. Kim okamazlygy pikir etse, şol päsgelçilige uçrar.

***

Sözüň pikir aňlatsa, ýeterlik bolýar.

***

Özüňize talabediji, özgelere mylaýym boluň. Şonda siz adamlaryň sulhy almazlygyndan özüňizi gorarsyňyz.

***

Paýhasly howsalany bilmeýär, adamkärçilikli gaýgyny bilmeýär, dogumly gorkyny bilmeýär.

***

Söz manysyny aňmaýan bolsaň, adamlary tanajak bolup azara galyp ýörme.

***

Özüne erk edip bilýän adamyň kemçiligi az bolýandyr.

***

Ýeke-täk hakyky ýalňyşlyk öz öňki ýalňyşyňy düzetmezlikdir.

***

Diňe aňrybaş akyllylara hem-de aňrybaş akmaklara hiç zat öwredip bolýan däldir.

***

Hakyky är kişi ähli zady öz gujur-gaýraty bilen gazanýandyr.

***

Başarjagyňy bilip hem ony ýerine ýetirmezlik namartlykdyr.

 

Toplan Güljahan Begliýewa.

  • 77
  • 03.08.2019