MAKALA

Türkmenistanyň kubogy - 2019: «Merw» çärýek finalda!

 

«Merw» toparynyň futbolçylary hiç bir gypynçsyz Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalyna çykmagy başardy diýip, TFF-niň resmi saýty ýazýar.

Birinji duşuşykda «Merw» garşydaşyny 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Jogap duşuşygy hem Marynyň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy (1:0).

Çärýek finalda «Merw» topary ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» topary bilen duşuşar.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 14-15-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 18-nji sentýabrda geçiriler. Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklary öz meýdançalarynda geçirerler.

  • 21
  • 03.08.2019