MAKALA

PHASR lazer tüpeňi

Kirklandyň WWS bazasynda ABŞ-nyň goranmak ministriligi tarapyndan ýasalan lazer tüpeňi PHASR harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin döredilipdir. Yşyk tüpeňinden atýan atyjy fokuslanan lazer şöhlesiniň kömegi bilen wagtlaýynça garşydaşynyň gözüni gamaşdyrýar. Şeýle hem PHASR ýaragynyň ýene-de bir goşmaça täsiri dürli uzynlykdaky tolkunlarda işleýän iki lazer garşydaşyň ýoluny üýtgedip, ony azaşdyrmaga ukyplydyr. Şeýle hem ejir çekýäniň görejine dikeldip bolmajak zyýanyň ýetirilmeginden gaçmak üçin PHASR lazeriň dogry aralyga kalibrini ölçär ýaly uzaklygy ölçeýji abzal enjamlaşdyrylandyr.

  • 71
  • 03.08.2019