MAKALA

Kaýzerburg galasy

Nemesleriň  Nýurnberg şäherindäki  XI asyrda gurlan we biziň günlerimize çenli saklanyp galan orta asyr Kaýzerburg galasy bu şäheriň esasy ajaýyp gözel ýeri hasaplanylýar. Bu galanyň çäginde dünýädäki ýekeje jübütleşen kiçijek buthanajyk we örän çuň guýy ýerleşýär.

Nýurnberg şäheri syrlardan we mifiki (hyýaly) taryhlardan doludyr. Onuň diwarlarynda zynjyrly  jübi sagatlaryny we globusy oýlap tapan dünýä inipdir. Nýurnberg şäheri dünýädäki ilkinji otlynyň ugradylan nokady bolup durýar.

Emma bary bir şäheriň esasy ajaýyp ýeri we onuň manysy diýlip asyrlaryň dowamynda özüniň ösen belent agaçly baýyryndan şäheriň rahatlygyna seredýän Kaýzerburg galasy hasaplanylýar. 

Kaýzerburg XI asyrda bawar usulynda gurlup we Germaniýanyň şalary üçin niýetlenipdir. Gurluşygyň dowamlylygy tutuş bir asyra çekipdir.

Galanyň çäginde dürli maksatlar bilen köp sanly binalar gurlupdyr: kiçijik buthana, hojalyk ýerleri, guýy, aşhana, atýatak we başgalar. Olardan köpüsi biziň şu günlerimize çenli saklanyp galypdyr.

Bu ýerdäki kiçijik buthana aýratyn ünsi özünde jemleýär. Bu buthanajyk jübütlenen görnüşde gurlandyr: biri beýlekisiň üstünde ýerleşendir. Kiçijek buthanajygyň birinji bölegi ýönekeý adamlar we galanyň hyzmatkärleri üçin niýetlenendir. Ikinji bölegi bolsa ýörite patyşa we onuň maşgalasy üçin biraz belent gurlandyr. Bu ýerde buthananyň giňligi umumy bolany üçin içiniň ähli ýerinde ses birmeňzeş ýaňlanypdyr. Emma ýyladyjy turbalar diňe buthananyň ýokarky bölegine çekilipdir.

Kaýzerburgyň guýusy dogry gaýanyň üstünde edilen we özüniň çuňlugy bilen meşhurdyr. Onuň çuňlugy 50 metr bolup, düýbi toprakly suwa çenli ýetýändir. Köp sanly ekskursiýanyň ýolbaşçylary guýynyň dolulygyna garaňky çuňlugyny adamyň gözi görüp biler ýaly onuň içine ýanyp duran şemi sallaýarlar.

Gala gaýanyň iň belent nokadynda Nýurnberg şäheriniň günbatar böleginde ýerleşendir.

  • 24
  • 06.08.2019