MAKALA

Fransiýada tamamlanan himiýa bäsleşiginde mekdep okuwçylarymyz 3 sany bürünç medaly eýelediler

Himiýa boýunça Fransiýada tamamlanan halkara bäsleşiginde türkmen okuwçylary baýrakly orunlaryň 3-ni eýelemegi başardylar. Dünýäniň 80 döwletinden mekdep okuwçylaryň gatnaşan 51-nji halkara himiýa bäsleşigine dürli ýurtlardan 309 okuwçy gatnaşdy. Halkara himiýa bäsleşigi iki tapgyrdan ýagny, nazary bilimler we tejribe boýunça geçirildi.

Bu bäsleşige ýurdumyzdan 4 okuwçy gatnaşyp, ýokary derejede çykyş etdiler. Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep internadynyň 9-njy synp okuwçylary Berdigylyç Rejepbaýew, Ýusup Döwletmyradow, Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Pälwan Jumaýew üstünlikli çykyş edip, bürünç medala eýe boldular. Döwlet mekdep internadynyň 11-nji synp okuwçysy Atabaý Allamyradow höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.

  • 81
  • 06.08.2019