MAKALA

«Altyn asyr» bassyr bäşinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn Asyr» topary Ýurdumyzyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşykda ýeňiş gazandy – diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Ýurdumyzyň çempiony bu abraýa şu gün «Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň Kubogynyň eýedi «Köpetdag» toparyndan üstün çykyp gazandy. Paýtagtymyzyň toparyna ýeňiş getiren toplary Myrat Annaýew bilen Altymyrat Annadurdyýew öz atlaryna ýazdyrdylar.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda ýeňiş gazanan topara baýragy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarow gowşurdy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň çempionydyr Kubogyny eýelän toparlaryň arasynda guralýan Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşygyň 2005-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýändigini ýatladýarys.

  • 61
  • 06.08.2019