MAKALA

Bilimiň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ylym, bilim ulgamlaryna, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesilleri kemala getirmek işine uly ähmiýet berýär. Ylmy, bilimi eşretli durmuşyň, bagtyýar geljegiň, döwletiň we jemgyýetiň öňe gitmeginiň berk binýatlarynyň biri hasaplaýan döwlet Baştutanymyz 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçiren maslahatynda eden çykyşynda bilim-ylym ulgamlarynyň mundan beýläk hem döwrebap ösdürilmegi boýunça aýdyň maksatlary, belent wezipeleri kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz maslahatda eden taryhy çykyşynda milli bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalarynyň we multimedia enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we mazmunyny baýlaşdyrmaga edýän oňyn täsirleri barada durup geçdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda kabul eden Karary esasynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklady. Bu Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyr — 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyr — 2020 — 2023- nji ýyllarda, 3-nji tapgyr — 2024 — 2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak göz öňünde tutuldy. Munuň özi eziz Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, işewür we maýa goýum işjeňligine, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şonuň üçin Konsepsiýanyň ähmiýetini, onuň many-mazmunyny hem-de ondan gelip çykýan wezipeleri ösüp gelýän ýaş nesle düşündirmek bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde durýan jogapkärçilikli wezipedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek, kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2019 — 2020-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara öwrediji kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 21-nji iýunynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 153885 sany öwrediji kompýuteri satyn almak, 2019-njy ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de tehniki hyzmat etmek barada degişli kärhanalar bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Hormatly Prezidentimiz: «Döwletimiz bilim ulgamyny ösdürmäge geljekde hem uly üns berer. Ýaşlaryň talabalaýyk bilim almaklary, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin biz ähli şertleri dörederis, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada hem yzygiderli alada ederis» diýip aýtdy. Geliň, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ony halkara derejesinde ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryna syn edeliň:

2007-nji ýylyň fewral aýynyň 15-inde «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2007 — 2008-nji okuw ýylynyň sentýabr aýynyň 1-nden başlap, okatmak möhleti orta mekdeplerde on ýyl; ýokary okuw mekdeplerinde bäş ýyl, lukmançylygyň we sungatyň aýratyn ugurlary boýunça alty ýyl bolmaly diýlip yglan edildi.

2007-nji ýylyň mart aýynyň 4-nde «Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2007-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, ähli görnüşdäki orta, hünärment we orta hünärment mekdeplerinde mugallymlaryň iş ýüki hepdede 24 sagat möçberde bellenildi we ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň ýyllyk iş ýüki 850 sagat möçberde bellenildi.

2007-nji ýylyň mart aýynyň 30-nda «Türkmenistanda bilim işgärleriniň iş haklarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda 2007-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan professor-mugallymlaryň iş haklaryny we talyp haklaryny 40 göterim köpeltmeli diýlip görkezildi.

2008-nji ýylyň aprel aýynyň 14-ndäki «Orta mekdepleri okuw-tehniki enjamlar bilen üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda gurulýan mekdepleri, şeýle hem degişli ministrlikler we pudak edaralary öz gurdurýan mekdeplerini häzirki zaman mebelleri, kompýuterler we laboratoriýa enjamlary bilen üpjün etmeli diýlip görkezildi.

Türkmenistanyň mekdeplerine döwrebap kompýuter, multimedia enjamlary ornaşdyrylyp, okatmagyň häzirki zaman interaktiw usullaryna geçmek işi dowam edýär. Her bir okuw dersi boýunça täze okuw maksatnamasy taýýarlanyp, olar boýunça täze okuw kitaplary we gollanmalary çap edilip, okuwçylara, talyplara we mugallymlara gowşurylýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugynyň berk kanunçylyk binýady döredildi. Ýurdumyzda bu hukugyň halkara derejesinde hereket edýän kanuny esaslary BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen «Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndan» we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen «Çaganyň hukuklary hakynda» Konwensiýadan ugur alýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasy her bir adamyň bilim almaga bolan hukugynyň bardygyny beýan etmek bilen, umumy orta bilimiň hökmanydygyny, her bir adamyň ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydygyny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen ynsanperwer syýasaty, bu ugurda yzygiderli amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, bilimiň hukuk esaslaryny ösdürmäge oňyn täsir edýär. Döwletimiziň geljegi bolan ylymly-bilimli, ýokary hünär taýýarlykly, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemek işine milli Liderimiziň yzygiderli üns bermegi, bu ugurda amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlarynyň ösüşine ýardam edýär.

2013-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permana we «Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakynda» Karara gol çekdi. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň işini has-da kämilleşdirmek, olarda berilýän bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, kabul edilen bu resminamalar ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ony ösdürmekde esas goýujy kadalar boldy.

2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunda bilim ulgamy babatda dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy iş tejribeleri, şonuň ýaly-da milli aýratynlygymyz nazara alnyp, oňa halkara derejesinde umumy ykrar edilen kadalar girizildi.

Türkmenistanyň bilim ulgamy bilim maksatnamalarynyň düzümi boýunça hem, bilimiň basgançaklary boýunça hem dünýä tejribesine laýyk getirilip, mekdebe çenli bilim basgançaklarynda bir okuw ýylynyň dowamynda başlangyç bilimiň maksatnamalaryny hökmany özgertmek girizildi, orta bilimde: başlangyç, esasy orta, umumy orta ýaly bilimiň üç basgançagy kesgitlendi, ýokary bilimde hünärmenleri taýýarlamak boýunça basgançagynyň saklanyp galmagy bilen bakalawr we magistr basgançaklary girizildi. Häzirki wagtda bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler bu ulgamyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine esaslanýar.

Türkmenistanyň bilim babatdaky kanunçylygynyň wezipeleri Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmekden we goramakdan; Türkmenistanyň bilim ulgamynyň üznüksiz işlemegi we ösmegi üçin hukuk kepilliklerini döretmekden; döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň bilim babatda ygtyýarlyklaryny kesgitlemekden; ýuridik we fiziki şahslaryň bilim babatda hukuklaryny, ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini kesgitlemekden, şeýle hem olaryň bu babatda gatnaşyklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatyna laýyklykda, milli bilim ulgamyny özgertmek, ony hasda kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň hukuk binýadynyň mazmuny, häzirki döwürde yzygiderli kämilleşdirilýän bilim hakyndaky kanunçylyk ýurdumyzyň raýatlarynyň bilim babatda hukuklarynyň döwlet kepillikleriniň derejesiniň döwrebaplygyny kesgitleýär. Döwlet bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we degişli durmuş-ykdysady şertleri döretmek arkaly, raýatlaryň bilim almaga bolan hukugyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, başarnykly, döwrebap adamlar bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli alada edýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplarda, obalarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň täze binalarynyň gurulmagy, ähli bilim edaralarynyň täze okuw kitaplary, okuw esbaplary bilen üpjün edilmegi, innowasion tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagy mähriban Arkadagymyzyň bu ulgama uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň sagdyn bedenli bolmagy, döwrebap bilim alyp, döredijilikli zähmet çekip ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aşyrgeldi Jumaýew,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty.

  • 15
  • 07.08.2019