MAKALA

«Bedew eýýamlara beýik ykbaldyr, Türkmen dünýä aty bilen ykrardyr»

 

Türkmen bedewi. Ata-babalarymyz oňa mydama sarpa goýup gelipdir. Bedew türkmeniň göwün galkynmasy, ýow gününde ýoldaşy, şat gününde buýsanjy bolup, köňül käbesinde ýaşapdyr.

Halkymyz öz bedew atlaryny timarlap, kämilleşdirip, ony maşgalanyň deňhukukly agzasy, söweşiji gardaşy hasaplapdyrlar. Şonuň üçin hem halkymyzda: «Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen pähim bar.

Taryhy bilen taryhdaş, ýüregi bilen ýürekdeş bolup gelýän, uçar ganaty, mährem dosty, göwün ganaty bolan atyna türkmeniň çäksiz söýgüsini dil bilen beýan etmek mümkin däl.

Türkmen bedewleri ýa-da ahalteke atlary XIX asyrda dünýäde täzeden meşhurlyga eýe bolup, gündogar atlarynyň at-abraýyny arşa göterýär. XX asyryň ahyrynda ahalteke bedewi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň nyşanyna öwrülip, onuň owadan keşbi ýurdumyzyň Döwlet tugrasyny bezedi.

Gadymy türkmen topragynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewi Türkmenistanyň dünýä arenasynda tutýan mynasyp ornuna we abraýyna laýyk gelýän hormat münberine çykýar.

Türkmeniň öz atyna bolan söýgüsi çäksizdir. Halkyň ýowuz gününde iň wepadar ýoldaşy, toý gününde zynaty bolan bedewi şan-şöhratly taryhy ýoluň kötelliklerini eýesi bilen deň çekişendir. Türkmeniň aty onuň ykbaly bilen çuňňur baglanyşyklydyr. Dürli döwürlerde göçüp-gonmaga, agyr ýörişlere gitmäge, menzil-menzil ýol sökmäge mejbur bolan halkyň durmuşynda guş deý ganatly, ýelmaýa deý ýüwrük, gyz deý gylykly, it deý wepaly, düýe deý çydamly, adam deý duýgur, sähra deý owadan atyň ýoldaş bolmagy onuň ýaşaýşynyň tebigatyndan gelip çykýar. Adam ýowuz durmuşda öz ykbalyny azda-kände ýeňletjek, onuň durmuşyna daýanç, ýagyşda-garda, epgekde-yssyda, toýda-ýasda hemdem boljak we-paly ýoldaş gözläpdir. Türkmen şeýle ýoldaşy atda tapypdyr. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan, bir menzillik ýoly çaý içim salymda geçýän bedew gije-gündiz aýrylmaz hemdemine öwrülipdir. Türkmen öz durmuşyny atsyz göz öňüne-de getirip bilmändir, ony ýekeje pursat hem gözden salmandyr. Atyny suw ýerine şeker-şerbet, ot ýerine bal, ýumurtga berip bakypdyr, gözüniň görejine, başynyň täjine, döwletiniň başyna deňäpdir, agyr pursatlarda öz atyndan hemaýat isläpdir.

Ahalteke atlarynyň bakylyp-bejerilişinde, seýislenişinde, ösdürilip ýetişdirlişinde täsinlik, öçmejek aýdym, tükeniksiz mukam bar. Türkmen öz atynyň kaddy-kamatynyň owadan, boýnunyň dik, döşüniň ýaýbaň, aýaklarynyň inçeden uzyn, bedeniniň ýüpek ýaly mylaýym bolmagy, teniniň şöhle saçyp durmagy, boýnuny täsin talawlatmagy, eýesiniň gözünden onuň niýetine düşünmegi üçin näçe yhlas, söýgi siňdirendir! Bedewlerimiziň terbiýelenişi giden bir dessan, aňyrsy-bärsi ýok kyssa.

Atçylyk sporty, at münmek we at çapyşyklary adamda batyrlyk, ugur tapyjylyk, ezberlik hem-de öz-özüňe erk etmek, başarmak ýaly häsiýetleri terbiýeleýär.

Halkymyz geljekde hem bedewlerini birjik-de ünsden düşürmez, çünki olar türk-meniň buýsanjydyr, şöhratydyr.

 

Nurjemal Öwliýakulyýewa,

S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

  • 15
  • 07.08.2019