MAKALA

Täsirli çäre geçirildi

Ýakynda ýurdumyzyň suwüsti serhediniň goragyny üpjün edýän deňizçi serhetçileriň arasynda türkmen sportuny dünýä ýaýýan ajaýyp kitaplar boýunça çeper okaýyş agşamy geçirildi. Agşamda deňizçi serhetçilere hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bimöçber tagallalary bilen ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sagdynlyk hem-de ruhubelentlik taglymaty dogrusyndaky düşündiriş işlerine uly orun berildi. Ondaky çykyşlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedenterbiýe we sport ulgamyndaky täze gazananlaryny hem öz içine aldy. Agşamyň dowamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň barşynda harby gullukçylaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredip berýän ajaýyp şertlerine bagyşlanan çykyşlar giňden ýaýbaňlandy.

Bu günki gün serhetçileriň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin döredilýän mümkinçilikleriň çäklerinde, olaryň sport bilen giňden meşgullanmagy, beden taýdan berk, sagdyn bolmagy ugrundaky aladalar goşunyň durmuşynda öz beýanyny tapýar. Harby gullukçylaryň bedenterbiýä we sporta bolan islegini has-da artdyrmak, olara hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän sport syýasatyny wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu çäre ýokary guramaçylyga eýe boldy. Çäräniň ahyrynda deňizçi serhetçiler döredilýän şeýle mümkinçilikler üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

 

Agajan Niýazow.

  • 77
  • 07.08.2019