MAKALA

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy CAFA-niň 19 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda çempionatyna gatnaşar

19 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynyň noýabr aýynda bolup geçjek saýlama tapgyryna çenli Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyna ýene bir möhüm ýaryş - CAFA-nyň çempiony, başgaça aýtsak, «CAFA U-19 championship-2019» halkara ýaryşy garaşýar.

Ähli duşuşyklary Duşenbe şäherindäki (Täjigistan) Merkezi stadionda geçiriljek ýaryşa Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyndan başga-da, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň we Owganystanyň ýaşlary gatnaşar. Halkara ýaryş 9 - 15-nji awgust aralygynda geçiriler.

  • 11
  • 07.08.2019