MAKALA

Türkmenleriň irki orta asyrlardaky serhetçi serkerdeleri — Mübärek Türki we beýlekiler

Türkmen milleti geçmişde diýseň meşhurlyga eýe bolan harby milletleriň biridir. Munuň şeýle bolmagynda biziň halkymyzdan çykan tanymal harbylaryň, görnükli serkerdeleriň möhüm orny bolupdyr. Ýurt Baştutanymyzyň: «Serdarlyk täze doglan oglanjygyň geljegi hakynda süýji arzuwlardaky ene-atanyň gözýetimindäki iň mertebeli pellesidir» diýip nygtaýşy ýaly, il-ulusymyz çaga doglandan oňa geljekde harby baştutanlygy, serkerdedir serdarlygy arzuw edipdir. Soňra olaryň arzuwlap ýetişdiren perzentleri bütin Gündogarda tanalan görnükli harby serkerdeler bolup ýetişipdirler. Bu uzak asyrlaryň dowamynda hem dowam edip gelipdir.

Türkmen il-ulusyndan çykyp, taryhda meşhurlyk gazanan beýik serkerdelerimiz bar. Irki orta asyrlaryň taryhy çeşmelerinde ady agzalýan şeýle görnükli serkerdeleriň biri-de «Mübärek» şekilindäki musulman adyny we «et-Türki» görnükli nisbany göteren türkmen begidir. Onuň Apbasylar halyflygynyň gurujysy we ilkinji halyfy Ebu’l-Abbas Seffahyň (halyflygy hijri 132-136 / milady 750-754 ýý.) gullugyna Bagdada gelen Oguz türkmenlerinden bolan müňden gowrak esgeriň biridigi anyk ýazylýar. Janypkeşlikde geçiren harby hyzmaty bilen kiçi serkerdelikden uly serkerdelige ýeten Mübäregiň türkmençe ady bize gelip ýetmändir. Ildeşlerimizden bolan bu serkerde – Apbasy halyflygynyň başky döwründe, has takygy, ikinji apbasy halyfy Ebu Japar Abdylla Mansuryň (halyflygy hijri 136-158 / milady 754-775 ýý.), üçünji apbasy halyfy we halyf Mehdiň ogly Ebu Muhammet Musa el-Hadynyň (halyflygy hijri 158-169 / milady 785-786 ýý.) tagtda oturan döwürlerinde halyflyk döwletiniň harby emeldary, serkerdesi, şonuň ýaly-da serhet goragçysy bolmak bilen, tanymallyga ýetipdir.

Mübärek et-Türki halyf Ebu Muhammet Musa Hadynyň döwründe ähmiýetli we üstünlik getiren harby hereketleri amala aşyrypdyr. Onuň serkerdeliginde apbasylaryň harby güýçleri söweşlerde ýeňişleri gazanypdyr, döwletiň dürli künjeklerinde çykan gozgalaňlara garşy üstünlikli harby hereketleri amala aşyrypdyr, serhetden gelip biljek howplaryň öňüni alypdyr.

Serkerde Mübärek Türki halyf Hady tarapyndan hijriniň 169-njy / miladynyň 786-njy ýylyndan soňra türkmen birlikleri bilen Kazwin (Gazwin) şäherine iberilipdir. Serkerde döwlete garşy baş galdyrylmalaryň öňüni alypdyr we bu şäherde halyflyk döwletiň abraýyny has ýokary galdyrypdyr, aýratyn hem gala gurup, harby ildeşlerini şol ýere ýerleşdiripdir. Kazwinde ähmiýetli gurluşyk işlerini, abadanlaýyş we abatlaýyş işlerini amala aşyrypdyr. Hatda, halkyň onuň bu şähere eden ähmiýetli hyzmatlary üçin Kazwiniň «Medineý-i Mübärek» («Mübäregiň şäheri») ýa-da «el-Mübärekiýýe» ady bilen şöhrat gazanandygyny el-Hamewi ýazypdyr.

Biziň bu makalamyzda söhbedini eden meşhur harby serkerde, serhedi goramagyň ussady, tanymal emir ildeşimiz Mübärek et-Türki özüniň harby hünäre ussatlygy we harby hereketlerdäki merdanalygy, gaýratlylygy bilen taryhyň görnükli serkerde emirleriniň biri bolupdyr.

Taryhda Gündogarda gurlan döwletlerde serhet goragyna uly sarpa goýlupdyr. Döwletleriň serhet çäkleriniň abadanlygyny we asudalygyny goramaklyk «ykta» mülküniň eýeleri bolan emirlerdir ussat serkerdelere ynanylypdyr. Bularyň öň hatarynda-da biziň ildeşlerimizden bolan harbylar bolupdyr. Muňa, halyf Harun Reşidiň (bäşinji apbasy halyfy Ebu Japar Harun er-Reşit (halyflygy hijri 170-193 / milady 786-809 ýý.)) döwri mysal getirilýär.

Halyf Harun Reşidiň döwrüniň tanymal serkerdesi bolan ildeşimiz Ebu Süleým Ferejül’ Hadym Türki türkmeniň asylly meşhur serkerdeleriniň biridir. Oňa hijri 171-nji / milady 787-nji ýylda halyf Reşit tarapyndan serhetde ýerleşen Tarsus sebitiniň häkimligi berlipdir, ol halyf Wasykyň döwründe-de (halyflygy 842-847-nji ýý.) Tarsusyň häkimi bolup oturypdyr. Käbir edebiýatlarda ol «Hakan» («Han»), «Hadym-ür-Reşit» ady bilen agzalýar we başda onuň Amilde serkerdebaşy bolandygyny Ibnü’l-Abiri we Taberi ýazýarlar. Ikinjisi – halyf Harun Reşidiň döwrüniň türkmen asylly serkerdeleriniň biri Ebu Süleýman Türkidir. Ol hijri 180-nji / milady 796-njy ýylda halyflygyň serhet ýakasynda ýerleşen Aýny-Zerba şäherine häkim bellenipdir. Bu serkerde şäheri abadanlaşdyryp, harby gala öwürmegi başarypdyr, serhetde birtopar goranyş desgalaryny gurdurypdyr.

Hormatly Prezidentimiz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Şeýle ynsanlaryň merdanalygy, gaýraty il-halkynyň mertebesini gorap bilýänligindedir. Ata-babalarymyz «gaýratly» diýen düşünjäni has işjeň ulanyp, gündelik durmuş wakalary bilen bilelikde, abraý-mertebelilik, synmaz ruhlulyk ýaly asyllylygyň jähtlerini aňladypdyrlar. Gaýratlylyk mertebeliligiň nyşanydyr» diýip, adalatly nygtaýar. Ildeşlerimizden bolan ynsanlar özleriniň mertebeliligi bilen harby hünäriň aňrybaş ussatlygyny görkezip, taryhyň uzak menzilleriniň dowamynda tanymal serkerdeler, şonuň ýaly-da gaýduwsyz serhet goragçylary bolmak bilen, özlerini tanadypdyrlar. Olaryň Watan goragynda görkezen nusgalyk ýollary ýaş nesillerimiz belent watançylyk ruhunda terbiýelemekde deňsiz-taýsyz milli gymmatlykdyr.

 

Kakajan Baýramow,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

  • 12
  • 07.08.2019