MAKALA

Hytaý Gün energiýasynyň kömegi bilen uçýan sürüjisiz enjamy oýlap tapdy

Sinhua habarlar agentliginiň aýtmagyna görä, asmanasty uçýan enjamlaryň inženerleri gün energiýasynyň hasabyna uçup bilýän sürüjisiz enjamy taýýarladylar. Bu enjam Günorta Hytaýyň Desin aeraportunda uçuryldy we ony «Moszy-2» diýip atlandyrdylar. Enjamyň ilkinji uçuşy üstünlikli geçdi. Bu sürüjisiz enjam 15 metr bolan ganatlarynyň üstünde ýerleşdirilen diňe gün batareýalarynyň kömegi bilen işleýär. Ol 8000 metr beýiklige çenli galyp, uly bolmadyk tizlikde howada 12 sagat saklanyp bilmäge ukyplydyr. Hytaýda bu täze enjamy tebigy betbagtçylyklaryň netijesini ýatyrmakda, şeýle hem aragatnaşyk we barlag geçiriş işleri üçin ulanmakçy bolýarlar. Mundan başga-da, gün energiýasy bilen işleýän sürüjisiz enjam «Moszy-2» harby kuwwata hem eýedir.

 

Internet maglumatlary esasynda terjime edilip taýýarlanyldy.

  • 51
  • 07.08.2019