MAKALA

Guşlar dünýäsi

Uzyn guýrukly mahmal dokmaçy

Günorta Afrikada ýaşaýan bu guşlar şar gara reňkli, uzyn guýrugy bilen beýleki kowumdaşlaryndan tapawutlanýar. Olaryň guýrugy uçanda howada gaýyp duran ýaly bolup görünýär. Onuň guýrugy bedeninden 2 esse uly bolup, uzynlygy 16 santimetre deň. Bu guşlaryň mäkiýanlary horazlaryndan tapawutlylykda açyk çägesöw gara reňkli bolýar.

Siňek iýiji guş

Bu guşlaryň, esasan, siňekler, mör-möjekler bilen iýmitlenýändigi sebäpli, olar siňek iýiji guşlar diýlip atlandyrylýar. Mundan başga-da, olara «şa guşy» hem diýilýär. Sebäbi horazlarynyň kellesinde täje meňzeş perjagazlary bolýar.

Siňek iýiji guşlaryň bedenini örtýän perleri açyk reňkleriň öwüşgünlerinden ybarat bolup, horazlarynyň täji diňe beýleki horazlar bilen uruşýan wagty ýa-da mäkiýanlary özlerine çekmek üçin hereket edýän döwründe peýda bolýar. Galan wagty «täji» emele getirýän perler ýygnalgy durýar.

Teňňeli jennet guşy

Özüniň daşky şekili we owadanlygy bilen tapawutlanýan bu guşlar Täze Gwineýada ýaşaýarlar. Jennet guşlarynyň bu görnüşi özüniň adaty bolmadyk daşky şekili bilen hem täsindir. Olaryň tapawutly aýratynlygy hem bu görnüşe bezeg berýän kellesindäki ak reňkli uzyn we owadan perleri hasaplanýar. Bu aýratynlyk diňe horazlara mahsus. Olar bütin ýaşaýşynyň dowamynda ýekelikde ýaşaýarlar. Hakykatdan hem guşlaryň daşky şekilini ýakyndan synlan her bir adam geň galýar. Sebäbi olaryň iki sany ak uzyn peri edil kellesine emeli ýagdaýda goýulan ýaly bolup görünýär. Hatda ilkinji gezek Ýewropa getirilende adamlar bu guşuň hakykydygyna ynanmandyrlar.

Gök tanagra

Tanagra guşlary özleriniň gaýtalanmaýan owadan daşky görnüşi bilen meşhurlyga eýedir. Olar biri-birinden boýnunda we kellesinde ýerleşen dürli reňkli perleri bilen tapawutlanýarlar. Günorta Amerikanyň gündogar tarapynda ýerleşýän tropiki tokaýlarda ýaşaýan bu guşlar jübüt bolup ýa-da toparlaýyn ýaşaýarlar. Olar, esasan, ir-iýmişler, miweler bilen, kähalatlarda mör-möjekler bilen iýmitlenýärler.

Nagyşly molýur

Nagyşly molýur guşlarynyň horazlary diňe köpeliş döwründe gök reňkde, galan wagtlary bolsa mäkiýanlardan hiç hili tapawutlanmaýan reňke geçýärler. Guşlaryň göwresiniň ýokary bölegi solgun goňur reňkli, aşaky bölegi ak reňkli, ganatlary we guýrugy bolsa gök reňkli perler bilen örtülen.

 

Ogulnur Muhanowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

  • 23
  • 08.08.2019