MAKALA

Syr saklamak hakda

Döwürdeş we özünden soňky şahyrlardyr söz ussatlary Mäne baba hakdaky terbiýeçilik ähmiýetli hekaýatlary ýüreklerine ýakyn tutupdyrlar. Şeýle-de, kalba täsir edip, uzak wagtlap ýatda galmaga ukyplydygyny nazarda tutup, Mäne baba hormat-sarpa hökmünde beýik piriň taýsyz şahsyýetini açyp görkezýän hekaýatlaryň mazmunyny özleriniň şygyr setirlerine salyp, olary dowamat eýläpdirler. Muňa Mäne baba hakdaky şu hekaýatyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar:

Mäne baba duşup diýdi, bir adam:

«Maňa Hakyň syryn aýdyp ber, danam!».

 

Ertesi sandyga salyp bir syçan,

Adama gowşuryp, pir söhbet açan:

 

«Munda gizläp goýdum, Hakyň syrlaryn,

Ony bir salym hem gözden salmagyn».

 

Ol sandygy alyp, gysdy gujagna,

Was-wasalyk gün bermedi hiç oňa.

 

«Bujagaz sandygyň syry birgeňsi,

Hak syryn pir munda goýdy neneňsi?!»

 

Sabyr käse çat açdy was-waslykdan,

Böküp çykdy syçan derrew sandykdan.

 

Gaharlanyp diýdi: «Seni pir saýdym,

Neçüýn sen syçany «Hak syry» saýdyň?!»

 

«Eý, kemakyl, ýaňra, sen bir agzyboş,

Sabyrsyz derwüş sen, bolmaz göwnüň hoş.

 

Sandykda syçany goýmadyň bir dem,

Hak syryn gursakda neneň goýjak sen!».

Beýikligi göwnüpeslikden gözlän Mäne babanyň ýokary adamkärçilik häsiýetlerini açyp görkezmekde, ine, şu hekaýatyň ähmiýeti-de uludyr. Onda şeýle diýilýär: Günleriň birinde bir derwüş Mäne babanyň ýakyn hyzmatkäri bolan hoja Abdylkerimiň ýanyna gelip, ondan pir hakdaky hekaýatlardan birnäçesini ýazyp bermegini haýyş edýär.

Abdylkerim onuň haýyşyny bitirmek üçin hekaýat ýazmak işi bilen gümra bolýar. Şol pursat bir kişi ýanyna gelip, oňa: «Seni pir çagyrýar» diýýär. Abdylkerim turup, piriň ýanyna baranda, pir: «Ýaňy näme iş bilen gümradyň?» diýip soraýar. Ol: «Bir derwüş gelip, piriň hekaýatlaryndan birnäçesini ýazyp bermegimi menden haýyş etdi. Men bolsa şolary ýazyp otyrdym» diýýär. Şonda pir oňa: «Eý, Abdylkerim, hekaýat ýazýan bolma! Goý, iller sen  hakda hekaýat etsinler» diýip jogap berýär.

 

Gurbangözel Kömekowa,

TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli

golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.

 

  • 19
  • 08.08.2019