MAKALA

Muzeýdäki gezelenç

2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda paýtagtymyz Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu taryhy duşuşygyň barşynda hormatly Belent Serkerdebaşymyz ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan kabul edilen maksatnamalary, şeýle hem halkara derejede öňe sürlen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň täze kämil ýollaryny we usullaryny işläp düzmeklige garap, bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol taryhy duşuşykda hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşy ýurdumyzda ylym-bilimi dünýä derejesinde ösdürmeklige, halkymyzyň gadymy medeni mirasyny dikeltmeklige, taryhy giňişleýin we çuňňur öwrenmeklige, ýurdumyzyň baý taryhyny, ata-babalarymyzdan miras galan medeniýetini, edep-terbiýäni, gylyk-häsiýetleri, umuman, ähli milliliklerimizi ündeýän ýörelgeleri öwrenmegimize has-da itergi berdi. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhetçi esgerleri bilen welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guraldy. Serhetçi esgerler bu ýerdäki taryhy we harby esbaplary, muzeý gymmatlyklaryny synlap, geçmiş taryhymyza has-da içgin göz ýetirdiler. Dürli döwürlere degişli muzeý gymmatlyklary türkmenleriň müňýyllyklaryň dowamynda dünýäde ösen medeniýeti döredendigine şaýatlyk edýär. Muzeý işgärleriniň gadymy türkmen durmuşyny, baý medeni, taryhy mirasyny şöhlelendiren gürrüňleri serhetçi esgerleriň bilesigelijiligini artdyrdy.

Muzeýlere, kitaphanalara, bilim ojaklaryna guralýan şeýle gezelençler esgerleriň halkymyzyň geçmişini öwrenmegine, bilmegine, oňa buýsanmagyna ýol açýar.

Bize şeýle bagtyýar zamanada eziz Watanymyza gulluk etmekde döreden mümkinçilikleri üçin Watan goragçylary hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyş aýdýarlar.

 

Baýrammyrat Şyhymberow.

  • 21
  • 08.08.2019