MAKALA

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda üçünji aýlawa badalga berildi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 3-nji aýlawyna badalga berildi. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Altyn Asyr» topary Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul etdi. Bu duşuşykda hüjümde dürs oýnan paýtagtymyzyň topary Begenç Akmämmedowyň hem-de Myrat Annaýewiň toplaryndan soň nobatdaky ýeňşini gazandy. Bu ýeňşinden soň utugyny 32-ä ýetiren «Altyn Asyr» eýeleýän birinji ornuny saklap galdy diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Şagadam» bilen «Merw» toparlary güýç synanyşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Maryda ýerli «Energetikden» 1:0 hasabynda üstün çykan «Köpetdag» topary dördünji orna geçmegi başardy.

15-nji tapgyr «Ahal» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen tamamlanar.

 

  • 17
  • 08.08.2019