MAKALA

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşar

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 25-nji awgusty – 1-nji sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar.

Dzýudo boýunça halkara fererasiýanyň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, dünýä çempionatyna Türkmenistandan 6 türgen gatnaşar. Olaryň 4-si erkek, 2-si bolsa zenan türgenlerdir.

Erkekler milli ýygyndymyza Hakberdi Jumaýew (60 kilograma çenli agram derejesi), Muhammet Kössekow (66 kg), Möminjan Arzykulow (73 kg) we Tejen Tejenow (90 kg) wekilçilik eder. Aziza Nazarowa (48 kg) bilen Gülbadam Babamyradowa (52 kg) zenanlaryň arasyndaky ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eder.

Dünýä çempionatynda jemi 152 döwletden ýüzlerçe türgen ýaryşar.

  • 60
  • 09.08.2019