MAKALA

Seniň ýaşyňda

Nureddin Mahmyt (1116 — 1174 ý.) Zeňňileriň Halap şahasynyň hökümdarydyr. Ol 30 ýaşynda atabegligiň başyna geçip, 28 ýyl hökümdar bolupdyr (1146 — 1174). Haçparazlara garşy göreşmekde köp hyzmatlar bitiripdir. Dogany Mewdud bilen haçparazlara garşy göreşmek üçin öz güýçlerini birleşdiripdir. Nureddin haçparazlaryň elinden Urfa, Artah şäherlerini alypdyr. 33 ýaşynda (1149 ý.) Antakýa şazadasy Raýmondy ýesir alypdyr. Nureddin 37 ýaşynda (1153 ý.) Börüleriň atabegliginiň elindäki Damask şäherini hem eýeläp, tutuş Siriýa häkim bolupdyr. 41 ýaşynda (1157 ý.) Hula kölüniň eteginde Küdüsiň (Iýerusalimiň) şasy ýeňlişe sezewar edipdir. 42 ýaşynda (1158 ý.) Tiweriad kölüniň eteginde haçparazlardan ýeňilýär. Ol haçparazlar we Iýerusalim şasy Bolduin III bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşmaly bolýar. Nureddin 1164-nji ýylyň awgustynda dogany Mewdud bilen bilelikde Harym galasynyň ýanynda haçparazlaryň üstünden ajaýyp ýeňiş gazanypdyr. 1168-nji ýylda haçparazlary Müsürden kowup, fatymylary hem boýun egdirýär.

Şeýlelikde, Nureddin Mahmyt Siriýanyň ýeke-täk häkimine öwrülen hem-de musulman Ýakyn Gündogaryny öz häkimligi astynda maksadalaýyk birleşdiren türkmen atabegidir.

Nureddin Mahmyt 1174-nji ýylyň 10-njy maýynda 58 ýaşynda agyr demgysma keselinden aradan çykypdyr. Onuň Iýerusalimi haçparazlardan arassalamak arzuwyny şägirdi Salaheddin Eýýuby amala aşyrypdyr. Ýeri gelende bellesek, Salaheddin harby serkerde hökmünde Nureddiniň halypalygynda kämilleşýär. Ýerli arap taryhçylary ýönelige: «Nureddin bolmadyk bolsa, Salaheddin hem bolmazdy» diýip nygtamandyrlar.

Zeňňileriň Halap şahasy 1181-nji ýylda dargapdyr. Zeňňiler oguzlaryň owşar boýundandyr. Zeňňileriň atabegligi dargansoň, owşar boýunyň bir bölegi Anadolyda Garamanogullary begligini gurdular.

Nureddin Mahmydyň daş sypatyny Ibn Esir şeýle sypatlandyrýar: «Nureddin bugdaýreňk, uzyn boýludy. Onuň diňe eňegi sakgallydy, maňlaýy giňdi. Ýüz keşbi nuranady. Gözleri tegelekdi».

Nureddin Mahmyt haja gidilýän ýollarda musulmanlar üçin hyzmat ediş we dynç alyş düşleghanalaryny gurdurypdyr. Arapşynas alym G.Weliýew «Şamy Şerif diýrler, jaýyň ýagşysyn... ýa-da Şamdaky türkmenler hakynda hakykat» atly makalasynda (— Edebiýat we sungat. — 2004. — 24 dek.) Muhammet ibn Ahmet Matariniň «Medinäniň taryhy» kitabyna salgylanmak bilen, Nureddin Mahmydyň düýşüne Muhammet pygamberiň girip, özüniň gabryny gazýan iki sany sary adamdan özüni halas etmegini towakga edendigini, düýşünden oýanan Mahmydyň Medinä baryp, hakykatdan-da, pygamberiň jesedini ogurlamakçy bolýan şol iki sany haçparazy jezalandyrandygyny, Muhammet pygamberiň guburynyň dört tarapyny üç metrlik çuňlukda gazdyryp, oňa berklik üçin gurşun guýdurandygyny ýazýar.

Nureddin Mosuldaky uly jamynyň gurluşygyny tamamlapdyr. Damaskda Bab al-Faraj, al-Jabla we as-Salam derwezelerini, öz adyny göterýän gyzylymtyl gupbaly metjidi we medresäni, Dar al-Adyly (Adalat öýi) gurdurypdyr. Ol dini hajatlar üçin niýetlenen Dar al-Hadisiň (hadys okalýan ýer) we Maristan (bimarystan) şypahanasynyň hem binagäridir. Onuň içki diwarlaryna Nureddiniň nyşanlary bolan tawus guşlary we çigildem gülleri bezeg beripdir. Maristanda ýewropalylardan üç asyr öň gan aýlanyşygynyň kiçi aýlawyny tapan meşhur lukman Ibn anNefis hem işläpdir. 1978-nji ýylda bu bina lukmançylyk muzeýine öwrüldi. Nureddin ýangyn we ýer titremesi netijesinde weýran bolan Halap şäherini täzeden gurdurypdyr. Zeňňiler Siriýanyň beýleki şäherlerinde hem dürli binalary saldyrypdyrlar.

Nureddin Zeňňiniň nebereleri häzirki wagtda Siriýada ýaşaýarlar.

 

(Dowamy bar)

Jumamyrat Gurbangeldiýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.

 

  • 14
  • 09.08.2019