MAKALA

ABŞ-nyň goşuny özüniň täze tankyny görkezdi

M1A2 1992-nji ýylda peýda boldy. Bu M1A1 tankyna garanyňda ýokary hilli goragy bilen, şeýle hem täze içki gurluşy, çeneýjä we serkerdä garamazdan özbaşdak nyşany gözläp bilýän täze enjamlar bilen gurnalan örän täze tankdyr.

Goşun özüne 1500 töweregi M1A2 tankyny edinip, olaryň köpüsini «System Enhancement Package Version 2» nusgasyna özgertdi.

M1A2C modeliniň ilkinji jikme-jik şekillendirmeleri 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda peýda bolupdy. M1A2C tanky önümçilige goýbermek üçin Abramsyň soňky görnüşi bolup durýar.

     Garşydaşyň soňky ýaraglaryndan goranmakda bu täze tank M1A2C Abrams işjeň we işjeň däl goragyna guwanyp biler. M1A2C-nyň tapawutlanýan täze aýratynlyklaryny onuň suratlarynda hem görmek bolýar. Ol aýratynlyklar: trofeý awtomobiliniň işjeň gorag ulgamlary (sistemalary) we depesiniň öňki bölegindäki goşmaça ok geçmez goragydyr.

Trofeýde gelýän raketalary ýüze çykarmak üçin radar ulanylýar, soňra ok-därileriň ugruny üýtgeder ýaly kiçijek snarýadlar bilen ot açýar.

 

Internet maglumatlary esasynda terjime edilip taýýarlanyldy.

  • 57
  • 09.08.2019