MAKALA

Asudalygyň kenary

 

Gözel Awazadan ir säher şaýlanyp ugranymyzda, Gündogardan Günüň tylla şuglalary dünýäniň ykbalyna ellenmedik täze bir güni peşgeş berip, Göge göterilip barýardy. Bu ýerden onçakly uzakda bolmadyk serhet galasynyň ajaýyp tebigatynda, gulluk durmuşynda özümiz bilen ýüzleşjek täzeliklere teşnelik bilen howlugyp barşymyza, deňziň säheriň gaýmagy ýaly bolup çaýkanyp ýatyşy has ajaýypdy.

Bu nurana säher, gör, nämelere başlangyç bolar?! Guş kimin Göge göterilen sansyz pikirlerimiz bilen kenaryň ugry bilen uzalyp barýan ýollaryny yzarlap barşymyza ak çarlaklaryň sesi nazarymyzy ýene-de deňze tarap gönükdirýär. Dogrudanam, göm-gök deňziň üstünden topar tutup, ganat ýaýyp barýan çarlaklar dünýäniň Zeminden Arşa göterilen arzuwlary kimin üýtgeşik ylham bolup köňlümize inýärdi. Biziň üçin deňziň gözellikleri, täsinlikleri ilkinji gezek alnymyzda janlanýan ýaly, onuň alyslyklaryny gözügidijilik bilen synlap barşymyza, barmaly serhet galamyza nädip ýetenimizem duýmandyrys.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen serhet galasynyň binasynyň deňiz kenarynyň ajaýyplyklaryna sazlaşyp durşy, bu ýerleriň asudalygyň kenarydygyna güwä geçip durdy. Has dogrusy, beýleki kenarlar ýaly çägesöw däl-de, daşly kenarda tolkunlaryň birsydyrgyn sesi, suwa bagryny oýkap, Göge göterilýän ak çarlaklaryň täsin oýunlary bu ýerde üýtgeşik sazlaşygy döredýärdi. Şonuň üçinem gadam goýanyňa, synlanyňa juda degýän bu kenara asudalygyň, parahatçylygyň, dostanalygyň kenary diýesiň gelýärdi. Çünki dünýäde bagt bilen bagly ähli düşünjeler hem asudalykdan, parahatçylykdan gözbaş alýar ahyryn diýip, pikirlenip barşymyza, bu ýerlerde merdana serhetçilerimiziň mukaddes gulluk borçlaryny ýerine ýetirişleri, bu gözellikleriň syry bilen tanyşmak üçin kenary syryp ugradyk.

Kenardan açyk deňziň asudalygyna dürbi arkaly gözegçilik edip duran esgerleriň bütin ünsüni gullugyna gönükdirip, alyslyklary hüşgär bakyşlary bilen synlap duran pursatlaryna buýsançly bakyp, şeýle gerçeklerimiz barka günleriň asudalyk säherlerinden, parahat agşamlardandygyna ynanýarsyň. Olaryň serhet goragyny alyp barmak üçin serhet galasynda ähli mümkinçilikleriň döredilendigi hakyndaky alkyşly jümleleri bolsa seni has-da ganatlandyryp goýberýär. Her ýerde diýen ýaly mähnet daşlaryň «suwa ýuwnup ýatyşyna» seredip barşymyza, tabşyrykdan dogumly ädimläp gaýdyp gelýän esgerleriň ýüzlerindäki hoşallygy, buýsanjy görüp, bu owadan ýerlere nurana säheri getirmek üçin uzak gije kirpigin çalman, olaryň özlerine ynanylan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirendiklerini duýýarys. Öz serhet galalaryna ýörite döredijilik duşuşygyna gelenimize buýsanan esgerler bize her ýerde diýen ýaly suw ýylanlarynyň gabat gelip biljekdiklerini, emma bu ýylanlaryň howply däldigini aýtmaklary ädimlerimizi biraz ünsli basmagymyza getirdi.

Ajaýyp kenaryň goragçylary hökmünde bu ýerleriň ähli syryna, ot-çöpünden başlap, ownujak daşlaryna çenli belet bolan esgerleriň aýdany heniz onçakly uzaga gitmänkäk, suw ýylanynyň duýdansyz müňküldäp öňümizden çykmagy bilen hakykata öwrüldi duruberdi. Degmedige degmeýän janawar öz ýoluna sowlup gidenden soň hem esli menzile çenli ýerden nazarymyzy üzmän barşymyza, kenardaky balykgulaklaryň adaty kenarlardakydan has iri hem-de üýtgeşik öwüşginlidigini synlap ýetişdik. Birdenem bizi serhet galanyň goraýan çägi bilen tanyşdyrmak üçin ýanymyzda ýolbeletlik edýän Türkmenistanyň Serhet institutyndan bu ýere önümçilik tejribeligini geçmäge gelen talyp Serdar Çalyşowyň: «Hanha, kümüş çarlaklar!» diýen sesi biziň nazarlarymyzy mawy Asmana gönükdirdi. Dogrudanam, kömüşsöw çarlaklar diýseň owadandy, onuň ýiteňkirläp barýan görnüşe degişlidiginem hut şu ýerde bilip galdyk.

Dünýäni öňde-soňda halas etjek gözellikleriň hem goraga mätäçdigi hakynda bu ýeriň täsin tebigatynyň suratynyň ýüzünden oýlanyp barşymyza Merdan Gurtgeldiýewiň deňziň göze sygmaz giňliklerini çekýän suratyna sygdyryp oturyşyna gabat geldik. Suratçy esgeriň armasyny ýetirenimizde onuň: «Aslynda-da, bu ýer durşuna ylham ahyryn, ony goramagam bagt, wasp etmegem» diýen sözleri yzymyza dolanyp gelýärkägem gulagymyzda şol ýaňlandy durdy, ýaňlandy durdy. Elmydama diýen ýaly giç öýlänler ýüzi gamaşyberýän deňzem bizi gyp-gyzyl bolan şapagy öz gujagynda gizlemäge häzir pursadynda dus-dury keşbi bilen ýola saldy...

 

Aknur Rozyýewa.

  • 25
  • 10.08.2019