MAKALA

Sabyr

Gymmatbaha daşlar bilen gyzyklanýan bir oglan şol töwerekde iň tejribeli ussa hasaplanýan zergäriň ýanyna baryp, şägirt bolmak isleýändigini aýdypdyr. Onuň bu islegini diňlän zergär biraz pikirlenip:

– Ine, bu zümerret daşy. Hany, eliň aýasyny aç. Eliňi açman, daşy bir ýyl sakla, soňra bolsa gaýtadan meniň ýanyma gel – diýip, daşy onuň eline gysdyryp oglany ugradypdyr.

Bolan waka gaharlanan oglan janynyň ýangyjyna ussanyň hereketlerini ene-atasyna gürrüň beripdir. Gahary gün-günden artsa-da, oglan aýasyny gysga wagtlygam bolsa açmandyr. Hatda ukuda wagty hem, ýalňyşlyk bilen eliniň aýasynyň açylaryndan howatyr edip, gijelerini ýarym ukuly geçiren wagtlary hem az bolmandyr. Şeýde-şeýde bir ýyl tamamlanandan soň, zergäriň ýanyna baran oglan buýsanç bilen eliniň aýasyny açypdyrda:

– Indi meni şägirtlige kabul edersiňizmi? – diýip, sorapdyr.

Zergär:

– Saňa ýene-de öňkä meňzeş bir daş berjek, ony hem ýene bir ýyl aýaňda saklap gezmeli bolarsyň – diýipdir.

Muny eşiden oglanyň gany gyzyp, gahary ýetjek derejesine ýetipdir. Zergäri aklyndan azaşanlykda aýyplap, turjak bolup durka, zergär bildirmän onuň aýasyna bir daş gysdyrypdyr. Şonda oglanyň: «Ýöne bu zümerret daşy däl ahyryn?» diýenini eşiden zergär ýylgyryp, ony şägirt edip almaga razy bolupdyr.

 

Terjime eden: Ýazgül Kakageldiýewa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

 

  • 49
  • 09.08.2019