MAKALA

Türkmenistan Samarkantda geçiriljek «Gündogar owazlary» atly festiwala gatnaşar

Awgust aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň «Arçabil» aýdym-saz topary Samarkantda geçiriljek «Gündogar owazlary» atly XII Halkara festiwala gatnaşar. Oňa 33 döwletden 146-dan gowrak aýdymçydyr sazandalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu festiwala Fijiniň, Mýanmynyň we Argentinanyň aýdym-saz toparlarynyň ilkinji gezek gatnaşýandygyny CentralAsia.news saýty aýan etdi.

Ýatlap geçsek, 2009-njy ýylda bu festiwala ýurdumyzdan Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa gatnaşyp, Gran-Pri baýraga mynasyp bolupdy.

Geçen ýyl bu festiwala dünýäniň 59 döwletinden 240-dan gowrak aýdymçydyr sazandalar gatnaşypdy.

Festiwal adatdakylar ýaly, ÝUNESKO-nyň Halkara medeniýet günlerinde badalga alar.

  • 17
  • 09.08.2019