MAKALA

Bulary bilmek gyzykly

Koala

Koalalar Awstraliýanyň gündogarynda we günortasynda gabat gelýär. Bütin dünýäde olaryň 80 müň sanysy bar. Ýerli ilatyň dilinde koala «suw içmeýän» diýen manyny berýär. Dogrudanam, koalalar seýrek ýagdaýda suw içýärler. Sebäbi olar ewkalipt agajynyň ýapragy bilen iýmitlenýärler. Özlerine gerek mukdardaky suwuklygy-da bu agajyň ýapraklaryndan alýarlar. Bu daragtyň ýapraklaryny iýýän başga jandar ýok. Sebäbi ýapraklar zäherli maddalary özünde jemleýär, baldaklarynda bolsa senil kislotasy bar. Senil kislotasynyň bir damjasy goýny öldürip bilýär. Ewkalipt agajynyň ýapraklaryndaky zäherli maddalar koalalara az täsir edýär. Galyberse-de, bu agajyň 600 görnüşi bolup, koalalar olaryň diňe 100 görnüşiniň ýapraklaryny iýmäge uýgunlaşan. Koalalar az hereket edýärler. Günüň 15-18 sagadyny ukuda geçirýärler. Olar ýiti dyrnaklary bilen daragta aňsat dyrmaşýarlar. Uklanlarynda-da daragtyň üstünde ýatýarlar. Gündizlerini ýatyp geçirýärler. Iýmit gözleginde bir agaçdan başga agaja geçmekçi bolanlarynda-da, diňe gijelerine hereket edýärler. Günüň dowamynda 0,5-1 kilogram ýaprak iýýärler. Olar, ortaça, 13-18 ýyl ýaşaýarlar.

 

Kakapo

«Baýguş ýüzli» manyny berýän kakapo totuguşlary diňe Täze Zelandiýanyň bir adasynda duş gelýär. Ýitip gitme howpy abanýan bu totuguşlar goralyp saklanýar. 2017-nji ýylda kakapolaryň bary-ýogy ýüz elli sanysy hasaba alyndy. Şondan soň olary goramak, köpeltmek işi has düýpli ýola goýuldy. Olar ýaşamak üçin amatly şertleri bolan beýleki adalara göçürildi.

Kakapolaryň ot-çöpleriňkä çalymdaş ýaşyl ýelekleri gündizine olary ýyrtyjy guşlardan, haýwanlardan goraýar. Iýmit gözlegine bolsa, baýguşlar ýaly gije çykýarlar. Sebäbi olaryň ys alyş duýgusy gaty güýçlüdir. Kakapolar dürli miweler, däneler bilen iýmitlenýärler. Ýöne kakapolaryň has halaýan iýmiti Täze Zelandiýada ösýän rimu agajynyň miwesidir.

«Baýguş ýüzli» totuguşlar uçup bilmeýän ýeke-täk totuguşlardyr. Ýöne kakapolar beýleki totuguşlardan gabarasy bilen tapawutlanýarlar. Kakapolaryň agramy ortaça 2 kilogram, iň ulusynyň agramy 4 kilograma barabar. Uçup bilmeseler-de, olar ýöräp, ylgap, dik gaýalara, uzyn daragtlara dyrmaşyp çykmaga ukyply. Olaryň ýiti dyrnaklary bar. Dyrmaşyp çykan belentliklerinden düşende, ullakan ganatlarynyň kömegine daýanýarlar. Kakapolar uzak ýaşaýar. Olar 90-95 ýyl ömür sürýär.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan

Eziz Geldimyradow.

  • 19
  • 10.08.2019